Sport

Sport

27.02.2017 | Türkmenistandan tansçy jübüt Mogilewda geçirilen halkara bäsleşiklerinde ikinji oruna eýe boldy

Sport tanslary boýunça türkmen türgenleri häzirki wagtda Belarus Respublikasynda okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçýärler. Mogilýew şäherinde taýýarlyk çäreleriniň gidişinde açyk tans gözden geçirilişiniň çäklerinde halkara ýaryşy guraldy. Onda biziň ildeşlerimiz Aleksandr Sisekin bilen Waleriýa Nepomnýaşaýa kümüş medala mynasyp boldular.


27.02.2017 | Çehiýada geçirilen halkara ýaryşynda türkmen küştçi zenany tiz oýnamak boýunça ýaryşda kümüş medala mynasyp boldy

Şu günler Çehiýanyň bu şäherinde on ýurduň türgenleriniň, şol sanda Türkmenistanyň toparynyň gatnaşmagynda halkara ýaryşyna badalga berildi. Şu gün “rapid” (çalt küşt oýnamak) görnüşinde zenanlar toparynda ildeşimiz FIDE-niň ussady Jemal Öwezdurdyýewa tapawutlandy. Ol kümüş medala mynasyp boldy.


27.02.2017 | Türkmen karateçileri Berlinde bir altyn we dört bürünç medala eýe boldular

Şu gün Germaniýanyň paýtagtynda adaty karate boýunça halkara ýaryşy tamamlandy. Onda türkmen türgenleri medallaryň 5-sine – 1 altyn we 4 bürünç medala mynasyp bolup, uly üstünlik gazandylar. Ýaryşa 18 ýurtdan ýüzlerçe türgen gatnaşdy.


26.02.2017 | BAE-de taekwondo we Gazagystanda bouling boýunça ýaryşlarda türkmen türgenleri baýrakly orunlara eýe boldular

Taekwondonyň WTF görnüşi boýunça “Fujeýra-open” bäşinji halkara ýaryşy tamamlandy. Bu ýaryşda ildeşlerimiz medallaryň üçüsini – bir kümüş we iki bürünç medal gazanmagy başardylar.


26.02.2017 | Türkmenistanyň hokkeý boýunça ýygyndy toparynyň Sapporoda gazanan üstünligi ony birinji diwiziona çykardy

Türkmenistanyň ýygyndy topary Ýaponiýada geçirilýän VIII Gyşky Aziýa oýunlarynda ikinji diwizionda ýeňiş gazzandylar. Şu gün final duşuşygynda olar Gyrgyzystanyň toparyny 7:3 hasabynda ynamly ýeňdiler. Bu ýeňiş türgenlerimize 2021-nji ýylda geçiriljek indiki Aziýa oýunlarynda birinji diwizionda ýaryşa gatnaşmaga mümkunçilik berýär.


25.02.2017 | Täze sport žurnalynyň ilkinji sany çap edildi: “Aziada-2017” üns merkezinde

Ilkinji sany çap edilen täze žürnal “Türkmenistan. Sport” diýlip atlandyrylýar. Žurnalyň ilkinji sany Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylyna, sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanýar.


24.02.2017 | 7-nji aprelde Aziada-2017-ä taýýarlyk görülmegine bagyşlanylan halkara maslahatyny geçirmek maksat edinilýär

7-nji aprelde öňde boljak V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görülmegine bagyşlanylan halkara maslahatyny geçirmek meýilleşdirildi. Aziada–2017-niň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşleriniň olimpiýa federasiýalarynyň wekilleri maslahata gatnaşmaga çagyrylar.


24.02.2017 | Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýada gyşky Aziadanyň finalyna çykdylar

Türkmenistanyň ýygyndysy VIII gyşky Aziýa oýunlarynyň çäklerinde geçirilýän ikinji diwizionyň hokkeý ýaryşlarynyň finalyna çykdy. Ildeşlerimiz üçünji oýunda Indoneziýanyň toparyndan hem üstün çykyp (12:2), “B” toparda öňdeligi eýelediler. Munuň özi olara yklym derejesindäki abraýly ýaryşlaryň birinji diwizionyna çykmak ugrunda göreşmäge hukuk berdi.


21.02.2017 | Türkmen uşu ussatlary Russiýada üç medala eýe boldular

“Moskwa ýyldyzlary—uşu—2017” atly III halkara ýaryşy geçirilýär, onda türkmen türgenleri üç medala—bir kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular.


21.02.2017 | Türkmen hokkeýçileriniň Ýaponiýada gazanan ikinji ýeňşi

Sapporoda geçirilýän VIII gyşky Aziýa oýunlarynda şeýle derejeli ýaryşda ilkinji gezek çykyş edýän türkmen hokkeýçileri yzly-yzyna ikinji gezek üstünlik gazandylar. Bu gün Baýram Allaýarowyň tälim berýän türgenleri Makaonyň ýygyndy toparyny 16:0 hasabynda utup, “B” toparda birinjiligi saklaýar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter