Sport

Sport

07.07.2019 | Ýeňil atletikaçylarymyzyň halkara üstünligi

Düýn türgenlerimiz Gazagystanyň Almaty şäherinde «Gusman Kosanowyň ýagty ýadygärligine» ady bilen geçirilen ýeňil atletika boýunça XXIX halkara ýaryşdan 3 medal bilen dolanyp geldiler. Gazagystandan, Azerbaýjandan, Gruziýadan, Eýrandan, Hindistandan, Kuweýtden, Gyrgyzystandan, Täjigistandan, Özbegistandan jemi 250-den gowrak türgeniň gatnaşmagynda geçirilen ýaryşa milli ýygyndymyzdan 6 türgen gatnaşdy. Almatynyň Merkezi stadionynda dowam eden bäsleşikde türgenlerimiz bir altyn, bir kümüş we bir bürünç medal gazanmagy başardylar.


04.07.2019 | Bütindünýä uniwersiadanyň açylyşy

Italiýanyň Neapol şäheriniň «San-Paolo» stadionynda 3-nji iýulda XXX Bütindünýä tomusky uniwersiadanyň açylyş dabarasy boldy.


03.07.2019 | Türkmen türgenleri Bütindünýä uniwersiada gatnaşmaga taýýar

Italiýanyň Neapol şäherine dzýudo boýunça Türkmenistanyň ýygyndy toparyna wekilçilik edýän türgenleriň ilkinji topary geldi. Olar bäş ýetginjekden hem-de bäş gyzdan ybarat toparlar, bu türgenler ХХХ Bütindünýä tomusky uniwersiadada Watanymyzyň sport abraýyny goramak hukugyna eýe boldular. Topara iki tälimçi ýolbaşçylyk edýär.


27.06.2019 | AFK — 2019-yň kubogy: toparlaýyn tapgyr tamamlandy, öňde täze oýunlar

2019-njy ýylda Aziýanyň futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky toparlaýyn tapgyr tamamlandy.


05.06.2019 | Türkmen türgenleriniň başa-baş söweşiň garyşyk görnüşinde gazanan ynamly ýeňişleri

Şu ýylyň 28-nji maýyndan 6-njy iýun aralygynda Ukrainanyň Belgorod-Dnestrowskiý şäherinde başa-baş söweşiň garyşyk görnüşleri (Iňlisçede «Miхed martial arts», gysgaça MMA atlandyrylýan sport görnüşi) boýunça dünýä kubogyny almak ugrunda ýaryş geçirildi.


03.06.2019 | Türkmen agyr atletikaçylarynyň bürünç medaly

Ýuwaş ummanynyň günorta böleginde ýerleşýän Fiji döwleti şu ýylyň 1- 8-nji iýuny aralygynda paýtagty bolan Suwa şäherinde agyr atletika boýunça geçirilýän ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyny geçirip, birnäçe günläp dünýäniň agyr atletikasynyň merkezine öwrüldi. Bu çempionata dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen türgenleriň 250-ä golaýy gatnaşdy.


26.05.2019 | «Grand Pri Pariž» ýaryşynda sambo boýunça ussatlaryň üstünlikli çykyşy

2019-njy ýylyň 24 — 26-njy maýy aralygynda Fransiýa Respublikasynyň paýtagtynda erkekleriň hem-de zenanlaryň arasynda sambo we söweş sambosy boýunça halkara ýaryş geçirildi.


30.04.2019 | Türkmen awtomobil sürüji- türgenleri Astrahan oblastynda geçirilen halkara ýaryşynda şowly çykyş etdiler

Astrahan oblastynda geçirilen ralli-reýd boýunça Russiýanyň çempionatynyň --“Kagan altyny-2019” ýaryşynyň ikinji tapgyry tamamlandy.


25.04.2019 | Türkmen türgenleri Ýewropa çempionatynda medallara mynasyp boldular

Harkow şäherinde (Ukraina) 22 — 26-njy aprel aralygynda taýboks we garyşyk başa-baş tutluşyklar boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa 10 döwletiň toparlary, şeýle hem 16 türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşdy.


25.04.2019 | Aziýa çempionatynda boksçymyz bürünç medaly aldy

Bangkok şäherinde (Tailand Patyşalygy) 16 — 27-nji aprel aralygynda boks boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Ýaryşlarda 35 ýurtdan dürli agram derejelerinde çykyş edýän 315 türgen medallar ugrunda bäsleşýär. Türkmenistanyň topary hem bu ýaryşa gatnaşýar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter