Sport

Sport

23.05.2017 | Balkanabadyň alpinistlery belentligine çalt çykmakda Türkmenistanyň kubogynyň ikinji tapgyrynda öňdeligi eýeledi

Uly Balkan gerşiniň belentligine – Balkan welaýatyndaky Arlan dagyna belentlige çalt çykmak skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň şu ýylda geçirilen ikinji tapgyry boldy. Bäsleşikleri Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda “Agama” we “Mert” alpinist klublary geçirýär.


21.05.2017 | Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medaly gazandy

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda şu gün Türkmenistanyň topary ýene bir bürünç medala eýe boldy. 56 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Annageldi Agamyradow uşu boýunça bäsleşikde şeýle üstünlik gazandy.


21.05.2017 | Türkmen göreşi sportuň olimpiýa görnüşi derejesine dalaş edýär

18 — 21-nji maýda Günorta Afrika Respublikasynyň Keýptaun şäherinde türkmen göreşi boýunça Afrikanyň ilkinji çempionaty geçirildi, şeýle hem Afrika yklymynyň Göreş federasiýasy döredildi. Çempionata 10-dan gowrak ýurtdan türgenler gatnaşdylar. Ýaryşlar erkekler üçin üç agram derejesinde, zenanlar üçin üç agram derejesinde guraldy. Bäsleşiklere Türkmenistanyň Guşakly göreş milli federasiýasynyň wekilleri eminlik etdiler.


19.05.2017 | Türkmen türgeniniň bürünç medaly

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleri bürünç medaly gazandylar. Şu gün hormat münberiniň üçünji basgançagyna 97 kilograma çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça ýaryşlarda çykyş eden Ýusup Melejaýew çykdy.


18.05.2017 | Türkmen türgenleri ýene dört medala eýe boldular

Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilýän we 57 ýurtdan 3 müňden gowrak türgen gatnaşýan IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň ýedinji gününde türkmen türgenleriniň ikisi gatnaşýan boks boýunça final tutluşyklar esasy sport wakalarynyň biri boldy. Ýaryşlaryň barşynda ýurdumyzyň toparynyň gazanan sylaglarynyň üsti bir altyn we bir kümüş medal, şeýle hem düýnki ýaryşlarda mynasyp bolnan bir bürünç medal bilen dolduryldy. Grek-rim göreşi boýunça şu gün türgenimiz bir bürünç medala mynasyp boldy.


17.05.2017 | Türkmen türgeni bürünç medala eýe boldy

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän, IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleri şu gün grek-rim göreşi boýunça bäsleşiklere girişdiler, olar bäsleşikleriň birinji güni bir bürünç medal aldylar. Boksçylaryň bäsleşiklerinde türgenlerimiz finala çykdy.


16.05.2017 | Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edendikleri bilen gutlady

Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Nasser Nassiriniň hatynda şeýle diýilýär: Sizi hem-de Türkmenistanyň tutuş halkyny Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde geçirilen kikboksing boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlary we umumytoparlaýyn medal bäsleşiklerinde türkmen toparynyň gazanan ýeňşi bilen gutlamaga rugsat ediň.


16.05.2017 | Türkmenistanyň topary ýene-de bir kümüş medaly eýeledi

Türkmen türgenleri Azerbaýjanyň paýtagtynda geçirilýän IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda üstünlikli çykyş edýärler. Şu gün suwda ýüzmek boýunça ýaryşda Merdan Ataýew kümüş medala mynasyp boldy, boks boýunça çärýek final duşuşyklarynda bolsa ýene-de bir ýeňiş gazanyldy. Munuň özi biziň toparymyza ýaryşlaryň nobatdaky tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik berdi.


15.05.2017 | Bakuda geçirilýän Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen agyr atletikaçyary altyn we kümüş medala eýe boldular

Azerbaýjanyň paýtagtynda dowam edýän, dünýäniň 57 ýurdundan türgenleriň 3 müňe golaýyny ýygnan IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň barşynda türkmen türgenleri agyr atletika boýunça ýaryşlarda altyn we kümüş medallara eýe boldular. Oýunlaryň çäklerinde Baku şäheriniň “Mariot” myhmanhanasynda Aziada-2017-niň tanyşdyryş dabarasy guraldy.


15.05.2017 | Halkara şaşka federasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady

Halkara şaşka federasiýanyň prezidenti W.O.Langiniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen tuglagynda şeýle diýilýär: Halkara şaşka federasiýasynyň (IDF) adyndan we öz adymdan Sizi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Daşkentde geçirilen Şaşka-64 boýunça Aziýa çempionatynyň 2017-nji ýylyň dünýä çempionatyna saýlama ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlaýaryn.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter