Sport

Sport

12.02.2018 | Boks boýunça Türkmenistanyň çempionatyna sportuň bu görnüşiniň ýyldyzlary hormatly myhman hökmünde gatnaşar

13-nji fewralda Aşgabatda boks boýunça ýurdumyzyň çempionaty badalga alýar. Türkmenstanyň Boks boýunça federasiýasy, Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi hem-de Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi bäsleşigiň guramaçylary bolup çykyş edýärler.


07.02.2018 | Aşgabatda FIFA-nyň dünýä Kubogy görkezildi

Paýtagtymyzyň Halkara howa menziline ýörite ugur bilen Futbol assosiasiýalarynyň halkara federasiýasynyň (FIFA) hem-de sportuň şu görnüşi boýunça iri ýaryşlaryň däp boýunça hemaýatkäri bolup çykyş edýän “Coco-cola” kompaniýasynyň wekilleri geldiler.


04.02.2018 | Aziýa çempionatynda türkmen türgenleri iki medal gazandylar

Tähranda (Eýran Yslam Respublikasy) tamamlanan Ýapyk binalarda ýeňil atletika boýunça 8-nji Aziýa çempionatynda biziň türgenlerimiz bürünç medallaryň ikisini gazandylar.


30.01.2018 | “Ahal” AFK-nyň Kubogynyň ilkinji tapgyryny geçdi

“Ahal” futbol topary iki duşuşygyň umumy netijeleri boýunça Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi “Dordoý” (Bişkek) futbol toparyny ýeňip, Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogy ugrunda ýaryşyň ilkinji saýlama tapgyryny üstünlikli geçdi.


29.01.2018 | Türkmen kikboksing türgenleri halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etdiler

Biziň türgenlerimiz ýylyň başyndan bäri abraýly halkara ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, dürli derejeli medallary gazandylar.


23.01.2018 | “Ahal” topary AFK-nyň Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşlara ynamly başlady

Türkmenistanyň çempionatynyň kümüş medalyna hem-de ýurdumyzyň Kubogyna eýe bolan “Ahal” topary “AFK-nyň Kubogy - 2018” ýaryşynda 23-nji ýanwarda Bişkekde ilkinji saýlama duşuşygyny geçirdi.Biziň toparymyz Gyrgyzystanyň Kubogynyň eýesi Bişkegiň “Dordoý” topary bilen duşuşdy.


22.12.2017 | „Talyp sporty“- ýurduň iň güýçli futzal topary

Futzal boýunça Türkmenistanyň çempionaty „Talyp sporty“ toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy. Jemleýji tapgyrda talyplar topary Ahal welaýtynyň „Ak bugdaý“ toparyny 11:2 hasabynda utdy.


12.12.2017 | Skaýranning boýunça Türkmenistanyň Kubogy ugrundaky ýaryşlaryň jemleri jemlenildi

Aşgabatda ýurdumyzyň Kubogy ugrunda skaýranning boýunça ýaryşlar tamamlandy. Köpetdagyň etegindäki Saglyk ýolunyň ugry boýunça ýaryşlaryň jemleýji tapgyry geçirildi, ol Sport baradaky döwlet komitetiniň howandarlygynda “Agama” alpinistrler kluby tarapyndan “belentlikde bäsleşikler” ugry boýunça Saglyk ýolunda Halkara Bitaraplyk gününe we Halkara daglar gününe bagyşlanyp ylgamak boýunça guraldy. Erkekleriň arasynda Ýazgeldi Ödenyýazow we zenanlaryň arasynda Nažiýa Kostowa Kuboga mynasyp boldular.


04.12.2017 | Türkmen türgenleriniň dünýä derejesinde nobatdaky medallary

Kuraş boýunça Stambulda geçirilen dünýä çempionatynyň soňky gününde Türkmenistanyň ýygyndysy ýene-de iki medal eýeledi.


03.12.2017 | Söweş sungaty boýunça VII halkara oýunlarynda türkmen pälwanlary bir altyn we bürünç medallaryň hem bäşisini eýelediler

Minskide Söweş sungaty boýunça VII halkara oýunlary tamamlandy, onda Türkmenistanyň ýygyndy topary bürünç medallaryň ýene üçüsine mynasyp boldy. Olaryň ikisi toparlaýyn bäsleşiklerde, biri bolsa şahsy ýaryşlarda gazanyldy. Türgenlerimiz jemi alty medala – bir altyn we bäş bürünç medala eýe boldular.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter