Sport

Sport

25.04.2018 | Türkmenistanyň woleýbol ýygyndy topary Aziýanyň bäsleşiginde finala çykdy

Dakka şäherinde (Bangladeş Halk Respublikasy) woleýbol boýunça Aziýanyň çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary finala çykyp, indi bäsleşigiň ýer eýeleri bilen duşuşarlar.


25.04.2018 | Reýimbergen Jumaýew - agyr atletika boýunça Aziýanyň çempiony

Türkmen türgenleri Ürgenç (Özbegistan) şäherinde ýaşlaryň we ýetginjekleriň arasynda agyr atletika boýunça geçirilýän Aziýa çempionatyndaky üstünlikli çykyşlaryny dowam edýärler.


25.04.2018 | “Altyn asyr” AFK-nyň Kubogynda “Ahaldan” üstün çykdy

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky bäsleşikleriň çäklerinde Balkanabatda toparlaýyn tapgyryň “D” toparynda geçirilen dördünji aýlawda türkmen futbol klublarynyň arasynda ikinji duşuşyk geçirildi. Onda “Altyn asyr” topary “Ahal” toparyny - 1:0 hasabynda sähelçe artykmaçlyk bilen utdy. Oýnuň birinji ýarymyna goşmaça goşulan wagtda paýtagtly toparyň oýunçysy Serdar Geldiýew pökgini derwezä saldy.


24.04.2018 | Türkmen agyr atletikaçylary Aziýa çempionatynda şowly badalga aldylar

Ürgenç şäherinde (Özbegistan) badalga alan agyr atletika boýunça ýaşlaryň arasyndaky Aziýa çempionatynda şu ýyl Argentinada geçiriljek III Ýetginjekler olimpiýa oýunlaryna ýollanmalar ugrunda bäsleşilýär.


15.04.2018 | Taekwondo boýunça ýurdumyzyň çempionlary kesgitlendi

Paýtagtymyzda Taekwondo (ITF) boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçirildi. Onda agram derejeleriniň ýedisinde “başa-baş” we “tuli” görnüşlerinde medallar toplumynyň 18-si ugrunda bäsleşildi.


11.04.2018 | Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda türkmen toparlarynyň deňme-deň oýny

Paýtagtymyzyň «Aşgabat» stadionynda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň (AFK) Kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň toparlaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň toparlarynyň ilkinji oýny boldy. Onda “Ahal” topary paýtagtyň “Altyn asyr” topary bilen duşuşdy.


09.04.2018 | Türkmen kikboksçylarynyň gazanan bäş medaly

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýede kikboks boýunça geçen «3rd International Turkish Open Kickboxing Tournament» üçünji halkara açyk bäsleşiginde üstünlikli çykyş edip, sportuň bu görnüşiniň üç ugry boýunça bäş medala — iki kümüş we üç bürünç medala eýe boldy.


08.04.2018 | Aş­ga­ba­da Azi­ýa fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň we­ki­li­ýe­ti gel­di

Ýur­du­my­zyň paý­tag­ty­na Azi­ýa Fut­bol kon­fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň pre­zi­den­ti Şeýh Sal­man bin Ib­ra­gim Al-Ha­li­fiň baş­tu­tan­ly­gyn­daky (AFK) we­ki­li­ýet iş sa­pa­ry bi­len gel­di.


28.03.2018 | Türkmenistanyň ýygyndy topary AFK-nyň final bölegine çykdy

Aziýanyň Kubogy — 2019 bäsleşikleriniň saýlama oýunlarynyň soňky tapgyryndaky şowsuzlyk futbol ýygyndy toparymyza Birleşen Arap Emirliklerinde ýanwar aýynda geçiriljek ýaryşlaryň final bölegine çykmaga bökdençlik döretmedi.


25.03.2018 | Ildeşlerimiz halkara ýaryşlarda on ýedi medala eýe boldular

Moskwa şäherinde başa-baş tutluşygyň şu görnüşini esaslandyran A.Harlampiýewiň ýadyäдrligine bagyşlanylyp geçirilen sport we söweş sambosy boýunça Dünýä kubogynda Türkmenistanyň milli ýygyndy topary jemi on medala mynasyp boldy, olaryň üçüsi ýaryşyň birinji gününde gazanyldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter