Sport

Sport

30.04.2019 | Türkmen awtomobil sürüji- türgenleri Astrahan oblastynda geçirilen halkara ýaryşynda şowly çykyş etdiler

Astrahan oblastynda geçirilen ralli-reýd boýunça Russiýanyň çempionatynyň --“Kagan altyny-2019” ýaryşynyň ikinji tapgyry tamamlandy.


25.04.2019 | Türkmen türgenleri Ýewropa çempionatynda medallara mynasyp boldular

Harkow şäherinde (Ukraina) 22 — 26-njy aprel aralygynda taýboks we garyşyk başa-baş tutluşyklar boýunça Ýewropanyň açyk çempionaty geçirildi. Oňa 10 döwletiň toparlary, şeýle hem 16 türgenden ybarat bolan Türkmenistanyň ýygyndy topary gatnaşdy.


25.04.2019 | Aziýa çempionatynda boksçymyz bürünç medaly aldy

Bangkok şäherinde (Tailand Patyşalygy) 16 — 27-nji aprel aralygynda boks boýunça Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Ýaryşlarda 35 ýurtdan dürli agram derejelerinde çykyş edýän 315 türgen medallar ugrunda bäsleşýär. Türkmenistanyň topary hem bu ýaryşa gatnaşýar.


24.04.2019 | Türkmen bedewiniň şanyna: baýramçylyk dabaralaryna badalga berildi

Şu gün aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan dabaralaryň maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyzyň günorta künjegindäki dag eteginden geçýän Köpetdag şaýolunyň ugry boýunça däp bolan uzak aralyga atly ýöriş bäsleşigi, şeýle hem Aşgabadyň atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi.


08.04.2019 | Türkmen kikboksingçileri halkara ýaryşda bäş medala mynasyp boldular

Türkmenistanyň ýygyndy topary kikboksing boýunça Antalýada (Türkiýe) geçirilen IV Halkara kubogynda üstünlikli çykyş edip, jemi bäş medala — iki altyn, bir kümüş we iki bürünç medala eýe boldy.


25.03.2019 | Türkmenistanly türgenleriň BAE-de geçirilen Ýörite Olimpiadada gazanan üstünlikleri

Abu-Dabide (Birleşen Arap Emirlikleri) geçen 2019-njy ýylyň Ýörite Olimpiadasynyň Bütindünýä tomusky oýunlarynda biziň türgenlerimiz ýokary sylaglaryň ýedisine — üç altyn, iki kümüş we iki bürünç medala mynasyp boldular.


24.03.2019 | Türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda 23 medal gazandylar

Türkmen samboçylary Moskwanyň «Lužniki» olimpiýa toplumynda 22-nji martda badalga alan «Harlampiýewiň ýadygärligine» dünýä kubogy ugrunda ýaryşlarda on iki medala — üç kümüş we dokuz bürünç medala eýe boldular.


16.03.2019 | Türkmen türgenleriniň Dünýä çarwadarlarynyň festiwalyndaky medallary

Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň pälwanlary Dünýä çarwadarlarynyň halkara etnofestiwalyna gatnaşyp, üç medal — türkmen milli göreşi boýunça altyn, alyş guşakly gyrgyz göreşi boýunça kümüş hem-de ssirim milli koreý göreşinde bürünç medallary gazandylar.


11.03.2019 | Dünýä çempionatynda türkmen agyr atletikaçysynyň gazanan bürünç medaly

Şu günler ABŞ-da ýaşlaryň arasynda geçýän agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda ildeşimiz Bektimur Reýimow bürünç medala eýe boldy.


10.03.2019 | Futzal boýunça Türkmenistanyň ilkinji naýbaşy kubogy «Köpetdagda»

Şu gün paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde futzal boýunça Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin naýbaşy kubogynyň eýesi belli boldy. Jemleýji bäsleşik Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi «Deňizçi» topary bilen ýurdumyzyň çempiony «Köpetdagyň» arasynda boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter