Medeniýet
27.02.2015 | Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi ýapyldy
Aşgabat, 27-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän bu ykdysady forum türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny hem-de hyzmatdaşlaryň dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek äşgär etdi.
25.02.2015 | Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy
Aşgabat, 25-nji fewral /TDH/. Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady.
19.02.2015 | Maslahat köşgündäki baýramçylyk konserti
Aşgabat, 19-njy fewral (TDH). Şu gün Maslahat köşgünde geçirilen ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň döwlet konserti Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň hormatyna guralan baýramçylyk çäreleriniň esasylarynyň birine öwrüldi.
17.02.2015 | Türkmen halkynyň Arkadagynyň hormatyna baýramçylyk konserti
Aşgabat, 17-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanyň döwlet medeniet merkeziniňMukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň iň ýokary döwlet wezipesine ählihalk tarapyndan täze möhlete saýlanmagynyň we wezipä girişmeginiň üç ýyllygyna bagyşlanаn baýramçylyk konserti boldy.
11.02.2015 | Taryhy-medeni miras – halkyň we adamzadyň gymmatlygy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan her çärýekde neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnalda türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň netijeleri we täze açyşlar baradaky makalalaryň berilmegi dowam edýär.
28.01.2015 | Türkmenistanyň sungaty we arhitekturasy – dünýä medeniýetiniň gymmatlygy
2015-nji ýylda Mary şäherine türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesiniň berilmegi Gündogaryň ylym, edebiýat, sungat, arhitektura we medeni merkeziniň taryhy mirasynyň möhümdiginiň ykrar edilýändigine şaýatlyk edýär.
27.01.2015 | Mary şäheri – türki dünýäsiniň paýtagty myhmanlary kabul edýär
Mary, 27-nji ýanwar (TDH). Şu gün Mary welaýatynyň merkezinde “Mary şäheri - türki dünýäsiniň medeni paýtagty” ýylynyň resmi açylyş dabarasy bolup, şähere berlen bu hormatly derejä görä belleniljek çärelere badalga berildi.
02.01.2015 | Şadyýan Täze ýyl dabaralary
Aşgabat, 1-nji ýanwar (TDH). Ine, Täze, 2015-nji ýyl başlandy, sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu baýramçylyk elmydama täze ajaýyp isleg-arzuwlar bilen garşylanýar. Bu şadyýan we şowhunly baýramçylyk aýratyn-da çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şunda tolgundyryjy duşuşyklar bolýar, süýji nygmatlar we garaşylmadyk ýakymly sowgatlar berilýär, munuň özi bu baýramçylyk barada ýakymly ýatlamalary döredýär.