Medeniýet
15.05.2015 | Türkmen-awstiýa dostlugy: medeni gatnaşyklarda parahatçylyk waspy
Şu hepdede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna bolan resmi sapary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ädime öwrüldi. Ol geljekki gatnaşyklar, bilelikdäki taslamalar we täze meýilnamalar üçin esas boldy we netijeli türkmen-awstriýa gatnaşyklarynyň artdyrylmagyna kuwwatly itergi berdi. Onuň çäklerinde medeni gatnaşyklara aýratyn orun degişlidir.
30.04.2015 | Medeniýet — parahatçylygyň we agzybirligiň nyşany
Şu günler Aktauda — Gazagystan Respublikasynyň Mangistau oblastynyň paýtagtynda Türkmenistanyň medeniýet işgärleriniň wekiliýeti saparda bolýar. Onuň düzüminde belli artistler, Balkan welaýatynyň “Dagdan” döredijilik topary, Aşgabadyň çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylary we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary bar.
27.04.2015 | BAE-niň Türkmenistandaky Medeniýet günleri dostluk konserti bilen tamamlandy
Aşgabat, 27-nji aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Aşgabat aýdym-saz merkezide iki ýurduň sungat ussatlyrynyň bilelikdäki konserti döredijilik baýramçylygynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
24.04.2015 | Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri
Aşgabat, 24-nji aprel /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre iki ýurduň dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze goşant goşmagyna gönükdirilendir.
10.04.2015 | Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy
Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlyk giň gerime eýe bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň köpsanlysyny dürli sport, bedenterbiýe hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere çekýär.
29.03.2015 | Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy
Ýerewan, 29-njy mart (TDH). Şu gün Ermenistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Bu döredijilik çäresi ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan gala-konserti bilen jemlendi.
26.03.2015 | Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasynda Medeniýet günleri
Ýerewan, 26-njy mart (TDH). Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçirilýär. Şu gün bu döredijilik çäresiniň çäklerinde Owanes Şarambeýan adyndaky Halk sungaty muzeýinde türkmen amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň hem-de neşir önümleriniň sergisi açyldy.
25.03.2015 | Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri
Ýerewan, 25-nji mart (TDH). Şu gün Ermenistan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy we dostlugy pugtalandyrmaga, esasynda iki halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni aragatnaşyklary duran däp bolan özara hereketleri ösdürmäge gönükdirilen döredijilik forumynyň ilkinji çäreleri geçirildi.
19.03.2015 | Magtymgulynyň şygryýeti tutuş adamzadyň baýlygydyr
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.
08.03.2015 | Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar
Ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni -- 8-nji mart senesini dabaralandyrmakda şu günler paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda mähriban, söýýän we söýülýän ene-mamalarymyza, gyzlarymyza we uýalarymyza bagyşlanan dabaralar guraldy.