Medeniýet

Medeniýet

24.04.2015 | Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri

Aşgabat, 24-nji aprel /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäre iki ýurduň dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge täze goşant goşmagyna gönükdirilendir.


10.04.2015 | Sagdynlygyň we ruhubelentligiň baýramy

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly biraýlyk giň gerime eýe bolup, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýänleriň köpsanlysyny dürli sport, bedenterbiýe hem-de medeni-köpçülikleýin çärelere çekýär.


29.03.2015 | Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy

Ýerewan, 29-njy mart (TDH). Şu gün Ermenistanyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Bu döredijilik çäresi ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň türkmen Bitaraplygynyň 20 ýyllygyna hem-de 2015-nji ýylyň Türkmenistanda Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan gala-konserti bilen jemlendi.


26.03.2015 | Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasynda Medeniýet günleri

Ýerewan, 26-njy mart (TDH). Ermenistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçirilýär. Şu gün bu döredijilik çäresiniň çäklerinde Owanes Şarambeýan adyndaky Halk sungaty muzeýinde türkmen amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň hem-de neşir önümleriniň sergisi açyldy.


25.03.2015 | Ermenistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri

Ýerewan, 25-nji mart (TDH). Şu gün Ermenistan Respublikasynyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy we dostlugy pugtalandyrmaga, esasynda iki halkyň köpasyrlyk taryhy-medeni aragatnaşyklary duran däp bolan özara hereketleri ösdürmäge gönükdirilen döredijilik forumynyň ilkinji çäreleri geçirildi.


19.03.2015 | Magtymgulynyň şygryýeti tutuş adamzadyň baýlygydyr

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


08.03.2015 | Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaralar

Ajaýyp bahar baýramy bolan Halkara zenanlar güni -- 8-nji mart senesini dabaralandyrmakda şu günler paýtagtymyzda, ýurdumyzyň ähli şäherlerinde we obalarynda mähriban, söýýän we söýülýän ene-mamalarymyza, gyzlarymyza we uýalarymyza bagyşlanan dabaralar guraldy.


07.03.2015 | Türkmenistanda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 7-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde geçirilen türkmen we eýran medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti döredijilik çäresiniň jemleýji bölegine öwrüldi.


05.03.2015 | Dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary berkidilýär

Aşgabat, 5-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Bu çäräni EYR-niň Aşgabatdaky Ilçihanasynyň Medeni merkezi we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi bilelikde guradylar.


27.02.2015 | Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi ýapyldy

Aşgabat, 27-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Eýran Yslam Respublikasynyň X ýöriteleşdirilen sergisi öz işini tamamlady. Aşgabatda yzygiderli geçirilýän bu ykdysady forum türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň ägirt uly kuwwatyny hem-de hyzmatdaşlaryň dürli ugurlar boýunça söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmäge özara gyzyklanmasyny nobatdaky gezek äşgär etdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter