Medeniýet

Medeniýet

06.11.2016 | Türkmenistanyň Russiýadaky şekillendiriş sungatynyň tanyşdyryş sergisi

Russiýanyň Çeperçilik akademiýasynyň Moskwadaky sergi toplumynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen “Gadymy Merwiň täsin rowaýatlary” atly kitabyň tanyşdyryş sergisi geçirildi.


02.11.2016 | “Görogly” şadessany—milli we dünýä ruhy-genji hazynasynyň aýrylmaz bölegi

Aşgabat, 2-nji noýabr /TDH/. Şu gün paýtagtymyzda “Görogly” şadessanynyň dünýä medeniýetindäki orny” atly halkara ylmy maslahaty öz işine başlady. Geçirmek başlangyjy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolan maslahatyň guramaçysy hökmünde ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi çykyş edýär.


26.10.2016 | “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabyň rus diline terjimesiniň tanyşdyrylyşy

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynda uly sarpalanýan ussat Şükür bagşy hakynda gürrüň berýän “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly rus dilinde neşir edilen kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.


26.10.2016 | Türkmenistanyň Prezidenti Garaşsyzlyk güni mynasybetli guralan baýramçylyk konsertine gatnaşdy

Aşgabat, 26-njy oktýabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan döwlet konserti geçirildi. Sungat ussatlarynyň guran bu baýramçylyk konsertine hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.


15.10.2016 | “Ýaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry

Aşgabat, 15-nji oktýabr /TDH/. Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýaş aýdymçy çeper höwesjeňleriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.


06.08.2015 | Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet günleri tamamlandy

Aşgabat, 6-njy awgust /TDH/. Şu gün türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we hytaý artistleriniň gatnaşmagynda dostluk konserti boldy.


04.08.2015 | Türkmenistanda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleri başlandy

Aşgabat, 4-nji awgust (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri açyldy.Iki dostlukly döwletiň Liderleri – Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin tarapyndan başy başlanan iri möçberli bu medeni çäre beýik iki medeniýetleriň we halklaryň ýakynlaşmagynda möhüm goşant bolmagyna gönükdirilendir.


26.06.2015 | Medeniýet hepdeligi—2015: bäşinji gün

Türkmenabat, 26-njy iýun (TDH). Şu gün Lebap welaýatynyň merkezinde, bu ýerde geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde “Aýna” operasynyň ilkinji görkezilişi boldy.


25.06.2015 | Medeniýet hepdeligi—2015: dördünji gün

Türkmenabat, 25-nji iýun (TDH). Hepdeligiň dördünji güni Lebap welaýatyna dolandyryş merkezinde Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde möhüm çäreler geçirildi. Olar diňe Hepdeligiň däl-de, eýsem, tutuş ýurdumyzyň medeni durmuşynyň ähmiýetli wakasyna öwrüldi.


24.06.2015 | Medeniýet hepdeligi—2015: üçünji gün

Türkmenabat, 24-nji iýun (TDH). Amyderýa kenaryndaky şäherde geçirilýän uly medeniýet baýramçylygy depginli häsiýetde dowam edýär. Döredijilik forumynyň bu günki güni örän köp dürli görnüşe eýe bolup, çäreleriň birnäçesini – “Türki halklaryň ruhy-medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahatynyň açylmagyny, Lebap welaýatynyň S.Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatrynyň “Seýdi” atly sahna oýnunyň ilkinji gezek görkezilişini, halk sazandalarynyň bilelikdäki çykyşlaryny, şeýle hem Aşgabadyň we Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagyndaky konserti özünde jemledi. Şäher düzüminiň täze desgalarynyň açylmagy mynasybetli dabaralar medeniýet hepdeligine özboluşly ajaýyp öwüşgin çaýdy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter