Medeniýet

Medeniýet

19.11.2019 | Türkmen paýtagtynda III halkara festiwaly badalga aldy

Şu gün paýtagtymyzda «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly III halkara festiwalynyň açylyş dabarasy boldy. Ol medeni syýasatyň amala aşyrylmagyna, milli mirasymyzyň giňden wagyz edilmegine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda geçirilýär.


05.11.2019 | Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri

Şu gün paýtagtymyzda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Döredijilik çäresi ikitaraplaýyn gatnaşyklary has-da ösdürmekde möhüm ädimdir.


25.10.2019 | Bilelikdäki türkmen-awstriýa simfoniki orkestri onýyllygyny baýram edýär

Şu gün Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň onýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy.


24.10.2019 | Aşgabatda IV Wena baly geçirildi

Şu gün türkmen paýtagtynda IV Wena baly geçirildi. Bu köp öwüşginli çäre ýurdumyzyň medeni durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýyp, iki şäheriň — Aşgabadyň we Wenanyň arasyndaky dostluk köprüsine öwrüldi.


16.09.2019 | Türkmenistanyň topary Özbegistanda geçirilen halkara tans festiwalynda birinji orny eýeledi

Daşoguz welaýatyndan «Dessan» tans topary 15-16-njy sentýabrda Hywada geçirilen «Tansyň jadysy» atly halkara festiwalynda birinji orny eýeledi.


07.09.2019 | Milli medeniýetimiziň ösüşine goşant üçin ýokary döwlet sylaglary

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini hem-de edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.


05.09.2019 | Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji konserti

Şu gün Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň baş baýramynyň — Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda zehinli çagalaryň arasynda geçirilen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.


04.09.2019 | Aşgabatda «Koreý hepdeliginiň» çäreleri başlandy

Şu gün paýtagtymyzyň «Aşgabat» kinoteatrynda «Koreý hepdeliginiň» açylyş dabarasy boldy, ol ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guraldy.


30.08.2019 | «Arçabil» topary «Şark taronalari» XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişinde 2-nji orna mynasyp boldy

Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň dabaraly ýapylyşynyň dowamynda abraýly bäsleşigiň ýeňijilerine we onda baýrakly orunlary eýelänlere baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.


27.08.2019 | «Şark taronalari-2019» gözden geçirilişinde «Arçabil» toparynyň çykyşyna tomaşaçylar ýokary baha berdiler

Samarkantda geçirilýän «Şark taronalari-2019» («Gündogar owazlary») XII Halkara aýdym-saz gözden geçirilişiniň birinji gününde dürli ýurtlardan folklor toparlarynyň birnäçesi, şol sanda Türkmenistana wekilçilik edýän «Arçabil» topary çykyş etdiler.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter