Medeniýet

Medeniýet

04.05.2017 | Türkmen žurnalistleri “KHBS Belarusda” Halkara sergä gatnaşýarlar

Sergä dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri ýygnandylar: bu ýerde guralan “KHBS Belarusda” atly XXI halkara ýöriteleşdirilen sergi diňe bir ýerli metbugat üçin öz mümkinçiliklerini görkezýän meýdança bolmak bilen çäklenmän, eýsem dünýä maglumatlar giňişliginiň ugurlaryny, žurnalistikanyň okyjylar, teletomaşaçylar we radiodiňleýjiler bilen özara gatnaşyklarynyň täze ýollaryny hem-de usullaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin foruma öwrüldi.


03.05.2017 | Aşgabatda Palestinanyň Medeniýet günleri açyldy

Paýtagtymyzda Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Çäräni Palestinanyň Aşgabatdaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.


01.05.2017 | Zehiniň baş maksady – Watana we halka hyzmat etmek

Türkmenistanyň Gahrymany, ýurdumyzyň halk artisti Maýa Kulyýewa milli medeniýetimiziň ady rowaýata öwrülen meşhur wekilidir. Bu tanymal aýdymçynyň ady bilen türkmen opera sungatynyň kemala geliş taryhy aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol geçen asyryň 40-njy ýyllarynda milli opera sungatynyň ýylýazgysyny täze sahypadan ýazyp başlan sungat işgärleriniň hatarynda bolupdy.


28.04.2017 | Arheologlar Daňdanakanda alabaýyň gadymy şekilini tapdylar

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we dikeltmek baradaky Milli müdirligiň arheologlar topary bu gezekki ýazky möwsümde Mary welaýatynyň çäginde ýerleşýän meşhur orta asyr şäheri bolan Daňdanakanda gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler. Murgap ýaýlasynyň demirgazyk künjeginde, Gadymy Merwden 60 kilometrlikde ýerleşen bu uly bolmadyk şäher ilkinji gezek VIII asyryň orta asyrlar çeşmelerinde ýatlanýar. Ýöne arheologik tapyndylara görä ol araplaryň ýöriişinde has irki döwürde döräpdir.


26.04.2017 | Çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde ahalteke bedewine bagyşlanan döredijilik bäsleşigi geçirildi

Bu çäräni guramaga “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň, Medeniýet ministrliginiň, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.


21.04.2017 | Aşgabatda Palestina Döwletiniň medeniýet günleri geçiriler

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Medeniýet günleri şu ýylyň 3-5-nji maýynda geçiriler. Çäräniň çäklerinde dostlukly ýurduň sungat ussatlarynyň konserti, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi geçiriler, kinofilmleriň görkezilişi bolar.


20.04.2017 | Aşgabatda ahalteke belewlerine bagyşlanylan döredijilik işleriniň sergisi açyldy

Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan ahalteke bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen yglan eden bäsleşigine hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.


19.04.2017 | Gazagystanyň Milli muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilindäki neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy

Gazagystanyň Milli muzeýinde Türkmenistanyň Prezidentiniň bu ýurda döwlet saparyna gabatlanylyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilindäki neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy. Gazagystanly okyjylara “Ahalteke bedewi—biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” hem-de “Gadamy batly bedew” diýen kitaplar hödürlenildi.


09.04.2017 | “Dagyň depesine çykmak” taslamasyna gatnaşyjylar “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna baryp gördüler

“Dagyň depesine çykmak” taslamasynyň çäklerinde Aziada-2017-niň nyşany iň beýik dag depelerine hem-de Türkmenistanyň her welaýatyndaky ýurdumyz üçin iň ähmiýetli gözel ýerlerine çykarylýar. Bu watançylyk ruhuna beslenen çäre Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylyna bagyşlanyp, Aşgabatda geçjek, Aziýanyň we Okeaniýanyň iň gowy türgenleriniň gatnaşmaly giň göwrümli ýaryşlaryny wagyz etmäge gönükdirilendir.


03.04.2017 | Arheologlar we dikeldijiler gadymy Paryzdepe şäherinde rejeleýiş işlerini geçirýärler

Aşgabadyň etegindäki gadymy Paryzdepe şäheriniň çäginde arheologiýa barlaglary we rejeleýiş işleri dowam edýär.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter