Medeniýet

Medeniýet

02.10.2017 | Aşgabatda Russiýanyň Türkmenistandaky medeniýet günleri açyldy

Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň dabaraly açylyşy boldy. RF-niň Prezidenti Wladimir Putiniň Türkmenistana resmi sapary mynasybetli geçirilýän bu döredijilik çäresi ýokary derejedäki häzirki duşuşygyň barşynda iki dostlukly ýurduň täze ösüşe badalga alan strategiki hyzmatdaşlygynda medeni-ynsanperwer ulgamynyň uly ähmiýete eýedigine şaýatlyk edýär.


30.09.2017 | Aşgabat şäherinde “Yaňlan, Diýarym!” bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde höwesjeň ýaş ýerine ýetirijileriň “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy.


30.09.2017 | Döwlet Baştutanymyz ýaş ýerine ýetirijileriň bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara gutlag hatyny iberdi

Gadyrly ýaşlar! Berkarar döwletimiziň ýaş aýdymçy ýigitleri we gyzlary!


29.09.2017 | “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” çagalar aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

Maslahat köşgünde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramyna bagyşlanan zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşýanlaryň gala- konserti geçirildi.


29.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti zehinli çagalaryň bäsleşigine gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdi

Döwlet Baştutanymyz zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly ajaýyp bäsleşige gatnaşyjylary gutlady. Onda şeýle diýilýär:


26.09.2017 | "Aşgabat 2017" oýunlarynyň bezeg öwüşginlerinde Türkmenistanyň täsin milli mirasy şöhlelendirildi

"Aşgabat 2017" oýunlary diňe bir uly we nurana baýramçylyk bolman, eýsem-de, onda türkmen halkymyzyň medeni mirasy hem-de medeniýetimiziň beýik gazananlary ajaýyp, doly derejede dünýä görkezildi.


26.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Gadymy Merw we Oguzhan

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda görkezilen ajaýyp sahnalaşdyrylan çykyşlaryň barşynda gadymy Marguş ýurduna amala aşyran syýahatymyzy jemlemek bilen, biz ägirt uly monitorda yşyk-lazer enjamy arkaly Kiçi we Uly Gyzgala, Soltan Sanjaryň kümmeti ýaly ýadygärlikleriň döreýşini gördük.


25.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy: Goňurdepe

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda görkezilen giň möçberli mowzuklaýyn makalalaryň dowamynda beýik türkmen döwletleriniň we dünýä belli şäherleriň taryhyndan parçalar janlandyryldy.


23.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda janlandyrylan türkmen taryhy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Olimpiýa stadionynda geçirilen açylyş dabarasynyň dowamynda Beýik Parfiýa döwletiniň we onuň ajaýyp paýtagty Nusaýyň taryhy, Dehistanyň orta asyrlarda döredilen binagärlik ajaýyplyklary, tutuş gündogarda ussalary we alymlary bilen belli bolan Köneürgenjiň şöhraty, şeýle hem ýurdumyzyň gündogar sebitiniň geçmiş taryhy öz beýanyny tapdy. Gadymy döwürlerde Türkmenistanyň gündogar künjeginde gadymy söwda şäheri bolan Amul gülläp ösüpdir.


21.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlarynyň açylyş dabarasynda türkmenleriň janlandyrylan taryhy: Dehistan we Köneürgenç

V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynyň barşynda sungatyň dili arkaly türkmen halkynyň şöhratly taryhyndan sahypalar görkezildi. Olaryň biri – beýik Parfiýa imperiýasy barada biz geçen sanymyzda gürrüň berdik. Şu gün biz Olimpiýa stadionynda görkezilen ägirt uly dabaranyň taryhy ugruny dowam etdirýäris.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter