Medeniýet

Medeniýet

16.05.2019 | Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilen GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIV forumy öz işini tamamlady.


15.05.2019 | Türkmenistanda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy geçýär

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilýän GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIV forumy öz işine başlady.


21.04.2019 | Türkmenistanda Saud Arabystanynyň Medeniýet günleri tamamlandy

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy, ol Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.


18.04.2019 | Türkmenistanda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy

Şu gün türkmen paýtagtynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Medeniýet günleri açyldy. Bu çäräni Saud Arabystany Patyşalygynyň Media ministrligi hem-de ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.


18.04.2019 | 18-nji aprel — Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni

ICOMOS — tutuş dünýä boýunça ýadygärlikleri goramak bilen meşgullanýan halkara hökümet däl gurama bolup, 37 ýyl mundan öň bu düzüm 18-nji apreli «Ýadygärlikleri we taryhy ýerleri goramagyň halkara güni» diýip yglan etdi. ÝUNESKO bu başlangyjy 1983-nji ýylda geçirilen 22-nji Baş konferensiýasynda makullady. Şondan bäri 18-nji aprel medeni mirasy baýram etmegiň we wagyz etmegiň güni hem-de onuň köpdürlüligi, möhümligi, ony goramagyň hajatlary we bähbitleri bilen tanyşmak mümkinçiligi bolup durýar.


04.04.2019 | Türkmenistan — Eýran: dostluk we bahar baýramçylyk konserti

Gadymy döwürlerden bäri iki doganlyk halky birleşdirýän Howdan — Bajgyran serhetýaka zolagynda Halkara bahar baýramy — Nowruz güni mynasybetli dabaralaryň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň sungat ussatlarynyň konserti hem-de amaly-haşam önümleriniň bilelikdäki sergi-ýarmarkasy boldy.


12.03.2019 | Türkmenistan — Germaniýa: medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Muzeý gymmatlyklary we medeni gatnaşyklar» mowzugy boýunça duşuşyk geçirildi.


11.03.2019 | Küştdepdi tansy — Hindistanda geçirilen halkara tans festiwalynda

Hindistanyň paýtagty Nýu-Deli şäherinde 7 — 10-njy mart aralygynda Aziýa — Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) II Halkara tans festiwaly geçirildi.


07.03.2019 | Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Şu gün Halkara zenanlar baýramçylygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Watanymyzyň zenanlarynyň hormatyna sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy. Bu dabara türkmen halkynyň zenanlara bolan hormatyny we mähirli gatnaşygyny özünde jemleýän milli ýörelgeler esasynda ýurdumyzda giňden bellenilýär.


04.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl

Türkmenistan öz ösüşiniň nobatdaky tapgyryna gadam basdy. Ýurdumyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen 2018-nji ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda tassyklanan 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge girişýär. Konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik ulgamynyň netijeli işlemegini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter