Jemgyýet

Jemgyýet

21.04.2015 | Saýlaw işiniň hukuk esaslary boýunça maslahat

Aşgabat, 21-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň we ÝHHG-nyň demokratik institutlary we adam hukuklary boýunça býurosynyň guramagynda saýlaw işiniň hukuk esaslaryna bagyşlanan maslahat öz işine başlady.


21.04.2015 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň möhüm başlangyçlary türkmen-hytaý forumynyň üns merkezinde

Lançžou, 21-nji aprel (TDH). Şu gün Hytaý Halk Respublikasynyň Gansu welaýatynyň merkezinde, Lançžou Ulag uniwersitetinde Türkmenistan bilen HHR-iň arasyndaky ulag-üstaşyr gatnawlary diwersifikasiýalaşdyrmaga bagyşlanan “Türkmen-hytaý gatnaşyklary: durnukly ösüşiň bähbidine ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly wekilçilikli forum boldy.


20.04.2015 | Türkmenistanyň zenanlarynyň dabaraly maslahaty geçirildi

Aşgabat, 20-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň bäşýyldyzly “Ýyldyz” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Ol ýurdumyzyň BMG-niň gender deňligi hem-de zenanlarynyň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmak meseleleri boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlanylmagyna bagyşlandy.


20.04.2015 | Türkmen talyplary Halkara olimpiadasynyň baýraklaryna eýe boldular

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň Minskide geçirilen nazary mehanika boýunça IX Halkara olimpiadasynda üstünlikli çykyş etmekleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň milli bilim ulgamynda başyny başlan özgertmeleriniň netijelidigine nobatdaky gezek şaýatlyk etdi. Dünýäniň dürli ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň 30-synyň wekilleriniň arasyndaky dartgynly geçen toparlaýyn ýaryşlaryň netijesinde biziň ýaş watandaşlarymyz ikinji orny eýelediler.


17.04.2015 | Türkmenistan BMG-niň gender deňligi meseleleri boýunça düzümine saýlanyldy

Nýu-Ýorkdan nobatdaky hoş habar gelip gowuşdy--Türkmenistan BMG-niň gender deňligi, şeýle hem zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy.


16.04.2015 | Türkmenistan dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Daşary ýurt metbugatynda Türkmenistan, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän ägirt uly ykdysady özgertmeler barada çap edilýän köpsanly dürli makalalar ýurdumyzyň dünýä derejesinede artýan täsirine we abraýyna güwä geçýär.


14.04.2015 | Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk giň gerime eýe boldy

16-njy awgustda geçiriljek Geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, häzirki wagtda etrapdaky şäher, şäherçe, geňeşlik saýlaw toparlaryny döretmek işleri başlandy.


13.04.2015 | Türkmenistan – ÝHHG: demokratiýanyň we adam hukularynyň ileri tutulýan ugurlary

Aşgabat, 13-nji aprel (TDH). Şu gün Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň Parlament assambleýasynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili jenap Terri Marianiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistanyň Mejlisinde kabul edildi.


11.04.2015 | Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi başlandy

Aşgabat, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Aşgabadyň sport toplumynda ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşiginiň birinji saýlama tapgyry geçirildi. Oňa Türkmenistanyň ähli künjeklerinde ösdürilip ýetişdirilen we çeýe bedewler gatnaşdyrylýar.


10.04.2015 | Elektron hyzmatlar: halkara we milli tejribe

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda “Elektron döwlet hyzmatlary: halkara we milli tejribe” mowzugy boýunça “tegelek stoluň” başynda duşuşyk geçirildi.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter