Jemgyýet

Jemgyýet

16.02.2015 | Türkmenistan-Malaýziýa: syýahatçylyk gatnaşyklarynyň gözýetimleri

Mälim bolşy ýaly, 12-nji fewralda Türkmenistan Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpur bilen göni howa gatnaşygyny ýola goýdy.


15.02.2015 | Syýahatçylyk diplomatiýasy: Türkmenistan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär

Ozal habar berlişi ýaly, geçen hepdede “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy täze howa gatnawlarynyň ikisini açdy – indi ýolagçylar Aşgabat bilen Kuala-Lumpur (Malaýziýa), Riga (Latwiýa) şäherleriniň arasynda ýola goýlan howa gatnawlarynyň hyzmatyndan peýdalanyp bilerler.


14.02.2015 | Balkanabatda täze demir ýol menzili guruldy

Balkanabat, 14-nji fewral (TDH). Şu gün ählihalk baýramy bolan Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Balkan welaýatynyň merkezinde täze demir ýol menziliniň açylyş dabarasy boldy.


12.02.2015 | Türkmen paýtagtynda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady

Aşgabat, 12-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işini tamamlady. Däbe öwrülen bu sergini Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridiýen Uluslararasi Fuarçilik” kompaniýasy bilelikde guradylar.


12.02.2015 | Türkmenistan Malaýziýanyň paýtagty bilen göni awia gatnawy açdy

Kuala-Lumpur, 12-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen awia gatnawlaryna degişli bolan hem-de dünýäde uçarlaryň döwrebap kysymlarynyň biri hasaplanýan “Boeing 777-200LR" kysymly uçar Türkmenistanyň we Malaýziýanyň paýtagtlaryny baglanyşdyran ugur boýunça ilkinji uçuşy amala aşyrdy.


10.02.2015 | Taryhy-medeni miras – halkyň we adamzadyň gymmatlygy

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmen, rus we iňlis dillerinde her çärýekde neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen žurnalda türkmen halkynyň taryhy-medeni we ruhy mirasyny öwrenmek boýunça geçirilýän işleriň netijeleri we täze açyşlar baradaky makalalaryň berilmegi dowam edýär.


10.02.2015 | Aşgabatda türk önümleriniň sergisi açyldy

Aşgabat, 10-njy fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Iki ýurduň söwda-ykdysady taýdan gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen bu çäre hyzmatdaşlygyň giň ugurlaryny öz içine aldy.


03.02.2015 | Döwlet we jemgyýet: ileri tutulýan ugurlaryň esasynda

Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwi tarapyndan neşir edilýän “Syýasat we jemgyýet” atly ylmy-taglymat žurnalynyň ikinji sany çapdan çykdy.


29.01.2015 | “Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy” atly žurnalyň täze sany

“Türkmenistanyň daşary syýasatynyň diplomatiýasy” atly ylmy-tejribe žurnalyň geçen ýylyň soňky çärýeginde ýurdumyzyň daşary syýasy durmuşyndaky möhüm wakalara bagyşlanan nobatdaky sany neşir edildi.


25.01.2015 | Türkmenistan gyşky Awstriýany güneşli myhmansöýerligi bilen maýyl etdi

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň Awstriýanyň paýtagtynda guralan “Ferien-Messe Wien” atly halkara sergi-ýarmarkasyna gatnaşmagy täze işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna we özüne çekiji teklipleriň alşylmagyna beslendi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter