Jemgyýet

Jemgyýet

23.02.2019 | Dalaşgärleri bellige almak we saýlawçylar bilen duşuşyklar dowam edýär

31-nji martda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek işleriniň çäklerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda degişli saýlaw okruglarynda dalaşgärleri bellige almak we olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.


20.02.2019 | Watanymyzyň welaýatlarynda binagärlik açylyşlary

Şu gün ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň dolandyryş merkezinde köp öýli ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.


20.02.2019 | Türkmenistan ýaş hünärmenleri taýýarlamakda dünýä tejribesini ornaşdyrmagy çaltlandyrýar

Ministrler Kabinetiniň 1-nji fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy sanlaşdyrma ulgamyna esaslanan ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin, ilkinji nobatda, bu işe gatnaşjak ýaşlary okatmagyň we taýýarlamagyň zerurdygyna ünsi çekdi.


20.02.2019 | Telekeçiler Türkmenistanda weterinar merkeziniň döredilmegini goldamak başlangyjyny beýan etdiler

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň üns bermegi netijesinde Türkmenistanda raýat, hususy, hojalyk başlangyçlarynyň ýüze çykmagy üçin hemme şertler döredilýär.


19.02.2019 | Saýlawlara milli synçylary hasaba almak işi başlandy

Şu gün Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň möheltinden öň çykyp gidenleriniň ýerine saýlawlar boýunça dowam edýän jemgyýetçilik-syýasy çäresine indiden beýläk okruglaryň ählisinde saýlawlara taýýarlyga monitoring geçirjek milli synçylar hasaba alyndy. Olara degişli şahadatnamalar berildi.


19.02.2019 | Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk: däpler we täzelikler

Türkmenistanda ähli ulgamlarda amala aşyrylýan özgertmeler ýokary bilim ulgamyny hem öz içine alýar. Hut şu ulgam ýurdumyzda ylmyň we tehnologiýalaryň ösmegi, innowasiýalaryň ilerledilmegi, sanly ykdysadyýetiň we bilimler jemgyýetiniň kemala gelmegi üçin esasy ugur bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.


17.02.2019 | Hormatly Prezidentimiziň bedewi — «Galkynyş» toparyna sowgat

Şu gün Döwlet sirkinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan «Galkynyş» toparyna Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyndan ajaýyp bedewi sowgat bermek dabarasy boldy.


16.02.2019 | Jemgyýetiň we döwletiň demokratik esaslaryny berkitmegiň ýoly bilen

Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk işleri giň gerim bilen dowam edýär — 31-nji martda ýurdumyzda möhletinden öň çykyp giden Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ýerine saýlawlar geçiriler. Olar ýurdumyzyň ýokary kanunçykaryjy hem-de ýerli häkimiýetiň wekilçilikli edaralaryna päk ýürekli zähmeti bilen watandaşlarynyň hormatyna we ynamyna eýe bolan halkyň mynasyp hem-de abraýly wekillerini saýlamagy maksat edinýär.


15.02.2019 | Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyşy

Şu gün welaýatyň Kaka etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň çäginde gurlan döwrebap suw arassalaýjy toplumyň açylyş dabarasy boldy hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, Garahan şäherçesinde umumybilim berýän mekdebiň düýbi tutuldy.


15.02.2019 | Pudagara toparyň mejlisi

Şu gün Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary hem-de halkara ynsanperwer hukugy ulgamynda halkara borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek baradaky Pudagara toparyň mejlisi geçirildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter