Jemgyýet

Jemgyýet

05.03.2019 | Saýlawyň öňüsyrasyndaky möwsümiň nobatdaky tapgyry tamamlandy

5-nji martda Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna ozal çykyp gidenleriň ornuna dalaşgärleri bellige almak işi tamamlandy. Onuň dalaşgärleri görkezmek we bellige almak ýaly, ilkinji iki tapgyry ýurdumyzyň hereket edýän kanunçylygyna laýyk derejede geçdi. Ýokary halkara kadalara laýyk gelýän hakyky demokratik saýlawlary geçirmek üçin ygtybarly esas döredildi.


03.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti milli olimpiýa ýygyndysynyň taýýarlyk şertleri bilen tanyşdy we atçylyk toplumyna bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde iri halkara ýaryşlara taýýarlyk görmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz ahalteke atçylyk toplumynda bolup, behişdi bedewler bilen didarlaşdy.


27.02.2019 | Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda täze jaýlaryň üçüsiniň açylyş dabarasy boldy

Şu gün paýtagtymyzyň günorta künjegindäki Parahat-7/3 ýaşaýyş toplumynda birbada üç sany täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy. Oňa şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, döredijilik toparlarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular we täze jaýlara göçüp gelmek bagty miýesser eden bagtyýar maşgalalar gatnaşdylar. Bu dabara köpçülikleýin medeni çärelere utgaşdy.


26.02.2019 | Hazaryň täsin serişdeleri üns merkezinde

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, şu ýylyň 4 — 15-nji marty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda «Hazar deňzi — durnukly ösüş we dolandyryş» atly okuw maslahaty geçiriler.


26.02.2019 | Täze weterinar hassahanasy — haýwanat dünýäsi hakynda alada

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 15-nji fewralda ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzümi bilen geçiren iş maslahatynda döwletimiziň howandarlygynda geljekde haýwanat dünýäsini goramak boýunça merkeziň esasy bolup hyzmat etjek merkezleşdirilen weterinar hassahanasyny döretmek baradaky teklibi ýurdumyzyň hökümetiniň ykdysady we durmuş taslamalarynda işjeň hyzmatdaşy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan işjeň goldanyldy.


26.02.2019 | Türkmenistan — Germaniýa: ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda žurnalistler üçin «Öri meýdanlaryny durnukly dolandyrmak we howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler boýunça» atly okuw maslahaty işläp başlady. Ol ýurdumyzyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) bilen bilelikde guraldy.


26.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: ylym we bilim

Geçen ýyl hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ylym we bilim ulgamlarynda durmuşa geçirilen möhüm özgertmelere we şanly wakalara beslendi. Bu iki düzümleýin ugra jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hatarlaryna çykarmakda wajyp orun degişlidir.


25.02.2019 | Buharest uniwersitetiniň wekiliýetiniň sapary

Şu gün Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Buharestiň ykdysady bilimler uniwersitetiniň rektory Nikolae Istudor we şol institutyň prorektory Konstantin Marius Profiroiu bilen duşuşyk geçirildi.


24.02.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Golf klubuna bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow egindeşleri bilen paýtagtymyzdaky Golf klubunyň meýdançasynda bolup, sportuň bu görnüşini wagyz etmek boýunça geçirilen işler bilen tanyşdy.


23.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti ýaşaýyş jaý toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy we Sport ulag merkezine bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde ýurdumyzyň IIM-niň şahsy düzümine niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy, ulanmaga berlen jaýlarda döredilen şertler we gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan desgalaryň ýagdaýy bilen tanyşdy, şeýle hem Içeri işler ministrliginiň Sport ulag merkezine bardy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter