Jemgyýet

Jemgyýet

29.01.2017 | Ahal welaýatynda durmuş goraglylygyna mätäçler üçin ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşugyna başlandy

Ahal welaýaty, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde maýyp adamlar hem-de durmuş goraglylygyna aýratyn mätäçlik çekýän beýleki raýatlar üçin niýetlenen täze häzirki zaman ýaşaýyş jaýynyň düýbi tutuldy.


29.01.2017 | Türkmenistanda maýyp adamlara niýetlenen mugt ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygyna badalga berildi

Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 20-nji ýanwarda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi, Resminama laýyklykda, Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda mümkinçilikleri çäkli adamlar üçin zerur bolan enjamlar bilen üpjün edilen, dört gatly köp öýli jaýlar bina ediler. Paýtagtymyzyň we welaýatlarynyň häkimlikleriniň buýurmasy boýunça olary ýerli gurluşyk kärhanalary gurar.


27.01.2017 | Bilim ulgamyna ýardam bermek boýunça Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikdäki taslama durmuşa geçirilýär

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ýewropa Bileleşiginiň “Türkmenistanda bilim ulgamyna ýardam bermek” taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça ilkinji strategik okuw-maslahaty geçirilýär. Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan ÝB-niň wekilhanasy bilen bilelikde guralan foruma ýurduň birnäçe pudak edaralarynyň, ylmy-barlag institutlarynyň hem-de okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem halkara bilermenler gatnaşýarlar.


26.01.2017 | Sebitde suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün oba hojalyk toplumynyň maslahatlar zalynda Suw hojalygy döwletarautgaşdyryjy toparynyňnobatdaky mejlisi geçirildi, oňa Orta Aziýa ýurtlarynyň pudaklaýyn ministrlikleriniň hem-de edaralarynyň ýolbaşçylary we hünärmenleri, şeýle hem Araly halas etmek boýunça Halkara gaznasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň wekilleri gatnaşdylar.


25.01.2017 | Paýtagtymyzdaky Parahat-7 kiçi etrapçada ýaşaýyş jaýlary we çagalar bagy açylyp ulanmaga berildi

Aşgabatda köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň dördüsiniň hem-de çagalar bagynyň açylyş dabaralary boldy. Täze degalaryň açylyş dabarasyna paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly şäherliler ýygnandylar. Täze jaýlaryň eýelerini gutlamaga medeniýet işgärleri we sungat ussatlary, döredijilik toparlary gelip, aýdym-sazlar bilen çykyş etdiler.


24.01.2017 | Aşgabatda ýol-ulag düzüminiň täze desgalary açyldy

Şu gün paýtagtymyzda ýol-ulag düzüminiň hem-de monumental binagärligiň täze döwrebap desgalarynyň açylyş dabaralary boldy. Olar ýurdumyzyň baş şäheriniň binagärlik keşbiniň bezegine öwrüldi.


24.01.2017 | Din işgärleri däp-dessurlaryň özboluşlygyny hem-de ýörelgelerini saklamagy ara alyp maslahatlaşdylar

Şu gün Gypjakdaky Türkmenbaşynyň ruhy metjidiniň mejlisler jaýynda “Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda özboluşly milli däp-dessurlarymyzy, ýol ýörelgelerimizi, dini ynanjymyzy gorap saklap, olary dowam etdirip, geljekki nesillerimize ýetirmek dindarlaryň mukaddes borjudyr” atly amaly-maslahat geçirildi. Onuň işine welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar.


21.01.2017 | Pudagara toparyň mejlisi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda Toparyň geçen 2016-njy ýylda geçiren işleriniň jemleri jemlenildi, bu düzümiň alyp barýan işleriniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.


21.01.2017 | Ýurdumyzyň iň oňat etrabyna sylag gowşuryldy

Şu gün Lebap welaýat häkimliginde 2016-njy ýylda ýurdumyzda iň oňat etrap diýen ady almak ugrunda yglan edilen bäsleşikde ýeňiş gazanan Farap etrabyna mynasyp bolan sylagyny gowşurmak dabarasy boldy. Şu mynasybetli bu ýere welaýat we etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, hormatly ýaşulular, kärendeçiler, ýaşlar ýygnandylar.


20.01.2017 | Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynda agyz suwy zawody işe girizildi

Lebap welaýatynda suw arassalaýjy desgalaryň döwrebap toplumy işe girizildi. Ol Serdarabat etrabynyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün eder.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter