Jemgyýet

Jemgyýet

21.12.2016 | Halkymyzyň beýik ruhy ýörelgelerine eýerip

Şu gün paýtagtymyzdaky “Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy” seýilgähinde jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, hormatly ýaşulularyň, ýaşlaryň we paýtagtymyzyň köpsanly ilatynyň gatnaşmagynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça paýtagtymyzyň merkezinde oturdylan S.A.Nyýazowyň ýadygärligine gül goýmak we Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralamak çäresi geçirildi.


21.12.2016 | Türkmenabatda köpugurly welaýat hassahanasynyň işgärleri üçin ýaşaýyş jaý toplumly lukmançylyk şäherjigi gurulýar

Täze lukmançylyk şäherjigi – 836 orunlyk köpugurly welaýat hassahanasy Türkmenabat şäheriniň günorta böleginde bina edilýär. Bu ýerde gurluşyk-gurnama işleri esasan tamamlandy hem-de içki we daşky timarlaýyş işlerine girişildi.


16.12.2016 | Türkmen paýtagtynda täze binalaryň nobatdaky tapgyry ulanmaga berildi

Şu gün paýtagtymyzda Parahat-7 etrapçada täze köpgatly ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy boldy.


15.12.2016 | Täze dostluk howa ýollary

Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň uçar gatnawlarynyň üsti Aşgabat-Kazan-Aşgabat gatnaw boýunça ýene bir möhüm halkara ugur bilen ýetirildi. Şu ugur boýunça gatnaýan uçar Aşgabada gaýdyp geldi.


13.12.2016 | Ýyladyşhana hojalyklary: obada telekeçileriň täze işewürlik taslamalary

9-njy dekabrda şu ýylyň 11 aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň işiniň jemlerine bagyşlanan hökümetiň giňişleýin mejlisinde obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmelere aýratyn üns berildi, mejlisiň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýyladyşhanalaryň hem-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek boýunça kärhanalaryň gurluşygynyň depginlerini ýokarlandyrmagy talap etdi.


10.12.2016 | Türkmenistan döwrüň ählumumy howplaryna garşy aýgytly göreşýär

Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda hukuk goraýjy we harby edaralar bilen bilelikde üstünlikli geçirilen ýörite çäreleriň netijesinde ele salnan neşe serişdelerini, ýasama çilimleri hem-de psihotrop maddalary ýakyp, ýok etmek boýunça nobatdaky çäre geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Neşekeşlige garşy göreşmek baradaky döwlet utgaşdyryjy topar hem-de Içeri işler ministrligi tarapyndan guralan bu çäre döwletimiziň we jemgyýetimiziň häzirki döwrüň iň howply wehimleriniň birine garşy göreşmekde aýgytlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.


10.12.2016 | Täze heýkeller Aşgabadyň şaýollaryny bezedi

Şu gün paýtagtymyzda şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, şäheriň köpsanly ýaşaýjylarynyň, türkmenistanlylaryň ýaş nesliniň wekilleriniň gatnaşmagynda täze monumentleriň birnäçesiniň açylyşy boldy.


08.12.2016 | Üns merkezinde—sagdyn iýmitlenmek

Aşgabat, 8-nji dekabr /TDH/. Şu gün Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde “Türkmenistanyň ilatynyň sagdyn iýmitlenmegi boýunça 2013-2017-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny” durmuşa geçirmek boýunça pudagara utgaşdyryjy toparynyň mejlisi geçirildi.


08.12.2016 | Garaşsyz Watanymyzyň belentliginiň nyşany

Balkanabat, 8-nji dekabr (TDH). Şu gün Balkan welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy üçin baýdak sütünli täze meýdançanyň açylyş dabarasy boldy.


04.12.2016 | Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda bedewleriň sarpasy belent tutulýar

Aşgabat, 4-nji dekabr (TDH). Şu gün, hepdäniň dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, özüniň agtygy bilen ynsan gylykly bedewler bilen didarlaşdy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter