Jemgyýet

Jemgyýet

20.08.2017 | Haýwanat dünýäsini goraýjylaryň hereketine goldaw berýän haýwanlara kömek berýän merkez döredildi

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary netijesinde raýatlyk, şahsy, hojalyk başlangyçlary üçin ähli şertler döredilýär. Döwlet Baştutanymyz watandaşlarymyzy bizi gurşap alýan ähli zatlara—goý ol şäheriň we obanyň köçelerindäki tertip we arassaçylyk bolsun, ene topragymyzyň tebigatynyň gözelligi we köpdürlüligi, alada mätäç bolan adamlar we idegsiz haýwanlar bolsun, jogapkärçilikli garamaga çagyrýar, çünki munuň özi asylly we ähmiýetli işleriň başlangyjydyr.


17.08.2017 | Türkmen gawunynyň güni mynasybetli dabaralar geçirildi

Umumymilli baýram – Türkmen gawunynyň güni mynasybetli Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mejlisler zalynda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň bakjaçylygyny ösdürmekde ýetilen sepgitler” atly ylmy-önümçilik maslahaty geçirildi. Şu ýyl dabaralar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 gün galmagyna gabatlanyldy.


17.08.2017 | Paýtagtymyzyň Olimpiýa toplumynda sportyň şanyna döredijilik baýramçylygy geçirildi

Ýurdumyzyň we daşary döwletlerden gelen sungat ussatlarynyň konserti “Aşgabat 2017” oýunlarynyň başlanmagyna bir aýyň galmagy mynasybetli wakalara baý bolan günüň jemleýji çäresine öwrüldi. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dürli öwüşginli çykyşlaryň hormatly tomaşaçysy boldy.


17.08.2017 | Türkmen zyýaratçylary Mekgä haja ugradylar

Şu gün türkmen zyýaratçylary “Türkmenhowaýollary” gullugy tarapyndan guralan ýörite uçar gatnawy bilen Saud Arabystany Patyşalygyna haja ugradylar.


12.08.2017 | "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Hazar deňziniň güni bellenildi

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda bellenilen Hazar deňziniň güni uly baýramçylyk öwüşginlerine beslendi. Her ýylda geçirilýän bu çäre giň jemgyýetçiligiň arasynda Türkmenistanyň uzakmöhletleýin geljege gönükdirilen tebigaty goraýyş syýasatynyň wagyz edilmegini, şeýle hem ekologiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygynyň berkdilmegini we giňeldilmegini, ählumumy durnukly ösüş üçin zerur şertleriň döredilmegini ugur edinýär.


12.08.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaby IIM-niň dörediliş taryhyna bagyşlanandyr

Ýurdumyzyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001-harby bölüminde Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.


11.08.2017 | 17-nji awgustda “Awtoulagsyz gün” diýen at bilen ekologiýa çäresi geçiriler

Iri möçberli çäre Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 30 günüň galmagyna bagyşlandy.


10.08.2017 | Türkmenistanyň Merkezi banky Aziada-2017-niň hormatyna ýadygärlik şaýylaryny çykardy

Türkmenistanyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary mynasybetli her haýsysynyň nominaly 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullaryndan durýan ýadygärlik şaýy pullar toplumyny çykardy.


01.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2017-nji ýylyň 17-nji awgusty — 7-nji sentýabry aralygynda haj parzyny berjaý etmek üçin 160 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi.


30.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow atçylyk toplumyna baryp gördi

Şu gün ir bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ahalteke atçylyk toplumyna bardy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde ýekşenbe güni säher çagyny işjeň sport maşklaryna, atly gezelenç etmäge ýa-da ylgaw bilen meşgullanmak endigine eýerip, öz eý görýän Ruhubelent atlytaýçanagy bilen birnäçe wagt didarlaşdy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter