Jemgyýet

Jemgyýet

05.05.2017 | Mejlisiň deputatlygyna, halk maslahatynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär

Türkmenistanda welaýatlaryň dolandyryş-çäk düzüminiň üýtgemegi mynasybetli halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň 21-nji maýda boljak saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär.


05.05.2017 | Türkmenistanda Ýeňiş güni mynasybetli dynç güni başga güne geçirildi

Türkmenistanda Ýeňiş gününiň baýram edilmegi bilen baglylykda dynç güni başga güne geçirildi. Degişli Permana hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde gol çekdi.


01.05.2017 | Türkmenistanda temmäkä garşy göreş boýunça biraýlyk geçirilýär

Şu gün türkmen paýtagtynda temmäkä garşy göreş boýunça köpçülikleýin çäreleriň biraýlygy badalga aldy. Wagyz çäresine degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, paýtagtymyzyň häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşlar gatnaşdylar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yglan edilen Sagdynlyk we ruhubelentlik ýylynda guralýan bu çäre ýurdumyzyň baş baýlygy bolan halkyň saglygynyň goralmagyna we pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir, Türkmenistanda adam jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygy diýlip yglan edildi.


01.05.2017 | Halkara olimpiadalarynda ýaş türkmenistanlylaryň täze üstünlikleri

Türkmen mekdep okuwçylary Gazagystanyň paýtagtynda 23-30-njy aprel aralygynda geçen himiýa boýunça 51-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda kümüş we bürünç medallara mynasyp boldular.


01.05.2017 | “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda oba hojalyk toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň okuw maslahaty açyldy

Awazadaky “Daýanç” medeni-dynç alyş we sagaldyş merkeziniň maslahatlar zalynda kärdeşler arkalaşyklarynyň degişli işgärleri we hünärmenleri üçin okuw maslahaty başlandy. Ol Türkmenistanyň Obasenagat toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň geňeşi tarapyndan guraldy. Maslahatyň işine 120 adam gatnaşdy. Okuw maslahatynyň açylyş dabarasynyň çäklerinde Obasenagat toplumynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň Geňeşiniň “Sagdynlyk, ruhubelentlik, dostluk!” şygary astynda umumy mejlisi geçirildi.


29.04.2017 | Halkara karantin merkezi ulanmaga berildi

Şu günler ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirilýär. Bu baýramçylyk ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden, döwlet derejesinde bellenilýär. Milli senenamanyň bu şanly senesine atçylyk ulgamynyň täze döwrebap desgasynyň – Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan Halkara karantin merkeziniň açylyş dabarasy gabatlandy. Bu dabara köpsanly daşary ýurtly myhmanlarymyz, şol sanda düýn paýtagtymyzda geçirilen baýramçylyk halkara forumlarynyň wekilleri gatnaşdylar.


28.04.2017 | Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahaty geçiriler

16-njy maýda Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XX maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda paýtagtymyzda geçiriljek Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň nobatdaky maslahatynda birleşigiň işini döwrüň talaplaryna laýyklykda has-da kämilleşdirmek bilen baglanyşykly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.


28.04.2017 | Jemagat hojalygy institutynyň binalar toplumy ýokary depginlerde gurulýar

2 müň orunlyk Jemagat hojalygy institutynyň täze binalar we desgalar toplumynyň gurluşyk işleriniň güýçli depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda gurluşyk-gurnama işleri doly tamamlanyp, mermer bilen örtmek, enjamlary ornaşdyrmak hem-de ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak işleri alnyp barylýar.


28.04.2017 | Aşgabatda ýerasty ulag geçelgesi bolan täze halkalaýyn awtomobil ýoly açyldy

Aşgabatda şäheriň iri köp zolakly çatryklarynyň biri bolan “10 ýyl abadançylyk” şaýoly bilen N.Andalyp köçesiniň çatrygynda gurlan ýerasty ulag geçelgesi bolan halkalaýyn awtomobil ýolunyň açylyş dabarasy boldy.


24.04.2017 | Mejlisiň deputatlarynyň möhletinden öň çykyp giden, şeýle hem halk maslahatlarynyň we Geňeş agzalarynyň dalaşgärlerine şahadatnamalar gowşuryldy

Möhletinden öň çykyp gidenleriň aýry-aýry saýlaw okruglarynda we welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeş agzalarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde degişli saýlaw toparlarynda bellige alnan dalaşgärlere dabaraly ýagdaýda bellenilen nusgada şahadatnamalar gowşuryldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter