Jemgyýet

Jemgyýet

11.05.2017 | Täze neşirde kärhanalary we guramalaryň arhiw resminamalarynyň saklanyş möhleti kesgitlenilýär

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw tarapyndan Türkmenistanyň kärhanalarynyň, edaralarynyň, guramalarynyň iş dolandyryşynda emele gelýän resminamalaryň birkysmy sanawy we olaryň saklanylmaly möhletleri çap edildi.


11.05.2017 | Mejlisiň çykyp giden deputatlarynyň ýerine saýlawlar boýunça öňünden ses bermek başlandy

Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda hem-de welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, Halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna guramaçylykly taýýarlyk görmek işleriniň çäklerinde 11-nji maýda öňünden ses bermek başlandy.


11.05.2017 | Türkmenistanyň guşlarynyň dünýasiniň täze görnüşler bilen baýlaşdyrylmagy ekologiýa abadançylygyň görkezijisi bolup durýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistanyň ekologiki strategiýasy jemgyýeti daşky gurşaw bilen sazlaşykda ösdürmäge, onuň tebigy baýlyklaryny goramaga, olary aýawly we rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir.


10.05.2017 | Türkmen mekdep okuwçylary Makedoniýada geçirilen matematika Olimpiadasynda bäş medala eýe boldular

Türkmenistanyň topary Makedoniýanyň Orhidw şäherinde matematika boýunça 34-nji Halkara Balkan ýaryşlarynda bäş medala mynasyp boldular. Ders bäsleşigine 19 döwletden 20 topar – jemi 116 zehinli mekdep okuwçylary gatnaşdy.


09.05.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli we atly gezelenç etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ogly we agtygy bilen irki sport maşklary ýerine ýetirip, ahalteke bedewleri bilen didarlaşdy.


09.05.2017 | Ýeňiş güni mynasybetli dabaralar

Türkmenistanda Ýeňiş gününiň 72 ýyllygy giňden bellenilýär. Parahatçylykly ýaşaşmaga çagyrýan, hoşniýetli erkiň, ynsanperwerligiň, halklaryň arasyndaky dostlugyň alamaty bolan bu sene milli senenamamyzda möhüm orun eýeleýär. Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň ähli obalarynda we şäherlerinde, asylly däbe görä, gazaply jeňlerde wepat bolan edermen gahrymanlaryň sarpasy belent tutulyp, weteranlar aýratyn hormat-sarpa bilen gurşalýar.


06.05.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 1941-1945-nji ýyllaryň urşuna gatnaşan weteranlara we söweşde wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryna gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy

Paýtagtymyzdaky “Mekan” köşgünde 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryny we söweşde wepat bolanlaryň ýanýoldaşlaryny hatyralamak çäresi boldy. Olara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan pul baýraklary, gymmat bahaly sowgatlar we ajaýyp ýaz gülleri gowşuryldy.


05.05.2017 | Türkmenistanyň wekiliýeti milli edebiýatymyzyň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň aramgähine zyýarat eder

Türkmenistanyň wekiliýeti 12-14-nji maýda Magtymguly Pyragynyň we Döwletmämmet Azadynyň Eýran Yslam Respublikasynda ýerleşýän aramgähine zyýaraty amala aşyrar. Bu çäre Konstitusiýa gününe we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanýar.


05.05.2017 | Türkmenistanda ýene-de iki şypahana gurlar

Türkmenistanda - Ahal hem-de Lebap welaýatlarynyň çäklerinde ýene-de döwrebap şypahanalaryň ikisi gurlar.


05.05.2017 | Maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna okgunly ösýän ýurduň hukuk binýady hökmünde garalar

Türkmenistanda 16-njy maýda «Türkmenistanyň Konstitusiýasy – ösüşiň hukuk binýady» atly Halkara ylmy-amaly maslahaty geçiriler. Türkmenistanyň syýasy we döwlet gurluşynda toplan tejribesi dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyna eýe bolýar, giňden wagyz edilmegine mynasypdyr.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter