Jemgyýet

Jemgyýet

14.06.2017 | Türkmenistanda Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda Kanun güýje girdi

Türkmenistanda “Sportda dopinge garşy göreşmek hakynda” Kanun güýje girdi. Bu Kanun sportda dopinge garşy göreşmek babatda işiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär hem-de Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesini kemala getirmek boýunça döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.


12.06.2017 | Ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglar gowşuryldy

Aşgabatda Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde her ýyl geçirilýän ýaşlaryň arasynda ylmy işleriň bäsleşiginiň ýeňijilerine sylaglary gowşurmak dabarasy boldy. Ýeňijileri sylaglamak dabarasy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda geçirildi.


12.06.2017 | Aşgabatda Ylymlar gününe bagyşlanan halkara maslahat açyldy

Aşgabatda “Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar” atly halkara ylmy maslahat açyldy. Ylymlar güni mynasybetli geçirilýän bu foruma türkmen alymlary bilen bir hatarda dünýäniň onlarça ýurtlaryndan mugallymlar, ýaş ylmy işgärler gatnaşdylar.


12.06.2017 | „Türkmenistan awiakompaniýasy“ ÝGPJ Aşgabat-Duşanbe-Aşgabat aralygyna täze howa gatnawyny açmaga taýýarlanýar

Türkmen awiatorlary ýakyn wagtda dostlukly gatnaşyklar däbe öwrülen Täjigistan Respublikasy bilen yzygiderli howa gatnawyny açmagy göz öňünde tutýarlar.


10.06.2017 | “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forum açyldy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna 100 gün galmagy mynasybetli geçirilýän dabaralaryň çäklerinde Mary welaýatynyň merkezinde “Aziada dünýä metbugatynda” atly halkara media-forum açyldy.


09.06.2017 | Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylýar

Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylýar. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew hökümet mejlisinde bu ulgamda alnyp barylýan işleriň barşy barada hasabat berdi.


09.06.2017 | Pekinde Aziada-2017-ä bagyşlanan sergi açyldy

Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasynyň ýanyndaky Söwda wekilhanasynyň binasynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 100 günüň galmagy mynasybetli serginiň açylyşy we tanyşdyryş çäresi boldy.


08.06.2017 | Türkmenistanda sebit ekologiýa maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün türkmen paýtagtynda Araly halas etmegiň halkara gaznasyny durnukly ösdürmek boýunça Döwletara toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Bu mejlis ýurdumyzyň Araly halas etmegiň halkara gaznasynda 2017-2019-njy ýyllarda başlyklyk etmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti tarapyndan guraldy.


07.06.2017 | Halkara ekologiýa forumynyň jemleri jemlendi

Türkmen paýtagtynda “Merkezi Aziýada daşky gurşaw we durnukly ösüş boýunça hyzmatdaşlyk etmek üçin başlangyç” atly Halkara ekologiýa forumy öz işini tamamlady. Mälim bolşy ýaly maslahat Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti hem-de Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkezi tarapyndan guraldy.


07.06.2017 | «Türkmenistan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe» atly monografiýasy çap edildi

Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan taýýarlanylan iri ylmy monografiýa şeýle atlandyrylýar. Neşirde özygtyýarly we Bitarap döwletiň kemala gelmeginiň taryhy, Garaşsyzlygyň 25 ýyly içinde ýetilen sepgitler barada gürrüň berilýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter