Jemgyýet

Jemgyýet

14.09.2017 | Türkmenistanda harby gulluga nobatdaky çagyrylyş yglan edildi

Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Yaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Yaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi.


13.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke atçylyk toplumyna bardy we şol ýerde at çapmak hem-de täze kitabyň üstünde işlemek bilen meşgul boldy.


13.09.2017 | “Aşgabat 2017” oýunlary - “Türkmenistan Sport” žurnalynyň esasy mowzugy

“Türkmenistan Sport” žurnalynyň nobatdaky sany 17-nji sentýabrda paýtagtymyzda badalga alýan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna bagyşlanandyr.


11.09.2017 | Aşgabat Aziadasynyň ýadygärlik poçta markalarynyň toplumy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy.


11.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplary – halkara neşir bäsleşiginiň ýeňijileri

Otuzynjy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistan tarapyndan bäsleşige hödürlenilen kitaplaryň dördüsi hem ýokary baýraklara mynasyp boldy.


11.09.2017 | Milli puluň we ýadygärlik teňňeleriň täze görnüşleri

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň Merkezi banky Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagy mynasybetli hümmeti 1, 5, 10, 20, 50 we 100 manada deň bolan banknotlaryň täze 2017-nji ýylyň modifisirlenen nusgalaryny, şeýle hem her haýsynyň hümmeti 100 manada deň bolan “Aşgabat Olimpiýa stadiony” atly altyn we kümüş ýadygärlik şaýy pullaryny dolanyşyga çykardy.


09.09.2017 | Zyýaratçylarymyz mukaddes yslamyň haj parzyny berjaý edip, Watanymyza gaýdyp geldiler

Gurban baýramy günlerinde asylly dessury ýerine ýetirmek maksady bilen, Mekgä hem-de Medinä gidip, haj parzyny berjaý eden ildeşlerimiz Watanymyza sag-aman dolanyp geldiler.


08.09.2017 | Ýanygy bejeriş merkezi paýtagtymyzyň lukmançylyk edaralarynyň ýedisiniň üstüni ýetirer

Aşgabatda Ýanygy bejerişiň ýöriteleşdirilen merkezi gurlar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bu taslamany durmuşa geçirmek üçin potratçyny seçip almak babatda halkara bäsleşigini geçirer.


08.09.2017 | Agyz suwuny öndüriji kärhanalar üçin kaogulýant satyn alnar

Türkmenistan Jemagat hojalygy ministrliginiň garamagyndaky agyzsuw edaralary üçin zerur bolan alýuminiý sulfatynyň (koagulýant) 15 müň tonnasyny satyn almagy maksat edinýär. Bu barada hökümetiň mejlisinde gurluşyk, energetika hem-de jemagat hojalygy ugamlaryna gözegçilik edýän wise-premýer D.Amangeldiýew habar berdi.


07.09.2017 | «Aşgabat 2017» oýunlarynyň alawy ýakyldy

Şu gün Türkmenistanda şanly sene - Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 10 gün galmagy mynasybetli uly dabaralar geçirildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter