Jemgyýet

Jemgyýet

01.01.2020 | Çagalar - biziň geljegimiz!

Şu gün Türkmenistanda täze, 2020-nji ýylyň başlanýan güni ilkinji dünýä inen bäbegiň ene-atalaryna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan sowgatlar gowşuryldy we milli Liderimiziň aýdan bagtly durmuş, sagdynlyk we abadançylyk baradaky arzuwlary aýdyldy.


01.01.2020 | Türkmenistanlylar 2020-nji ýyly geljege bolan uly ynam bilen garşyladylar

Täze, 2020-nji ýyl ýurdumyzyň durmuşyna dürli öwüşginler bilen girip, ähli türkmenistanlylara, aýratyn-da, çagalara şatlykly täsirleri peşgeş berdi, olaryň baýramçylyk çäreleri dowam edýär.


29.12.2019 | Gahryman Arkadagymyz Ak ýol atly ak behişdi bedewinde mähriban halkymyza Täze ýylda ak ýollara rowanalygy arzuw etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün säher bilen Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalary bilen duşuşyp, olaryň türgenleşik işleri bilen tanyşdy.


28.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara ýaryşlara taýýarlygyň barşy bilen tanyşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy. Şol ýerde öňümizdäki 2020-nji ýylda sport dünýäsinde iri halkara wakalaryň üçüsi bolup geçer. Şolar Sambo boýunça dünýä çempionaty, Futzal boýunça Aziýanyň çempionaty hem-de Dewisiň Kubogy ugrundaky tennis ýaryşynyň tapgyry (Aziýa zolagy/Okeaniýa, IV topar) bilen baglanyşyklydyr.


26.12.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Baş arçanyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna gatnaşdy

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda Täze ýyl dabaralaryna baryp görüp, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylan dabara gatnaşýan çagalaryň baýramçylyk şatlygyny paýlaşdy.


26.12.2019 | Sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň ähli welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda Ahal welaýatynda sanlylaşdyrmak ulgamynda tejribe alyşmak boýunça iş duşuşygy geçirildi.


25.12.2019 | Aşgabatda nobatdaky ýaşaýyş jaýlary ulanylmaga berildi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrmagy boýunça Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýew paýtagtymyzyň günorta-gündogaryndaky Parahat — 7/3 ýaşaýyş toplumynda köp gatly jaýlaryň dördüsiniň ulanylmaga berilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy.


24.12.2019 | Balkan welaýatynda täze desgalaryň ulanmaga berilmegi mynasybetli uly baýramçylyk

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Balkan welaýatynyň häkimi Ý.Gylyjow Serdar etrabynyň «Arkaç» geňeşliginiň çäginde gurlan täze, döwrebap Rowaç atly obanyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


23.12.2019 | Gurluşyk senagatynyň ösdürilmegi — ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artdyrylmagy

«Türkmenistanyň gurluşygy we binagärligi» jemgyýetçilik-syýasy we ylmy žurnalynyň nobatdaky sanynda okyjylara belli türkmen alymlarynyň, şeýle hem ýaş hünärmenleriň ylmy, syn-seljerme hem-de maglumat, aň-bilim häsiýetli makalalary hödürlenilýär, olar binagärlik-şähergurluşyk işleriniň möhüm meselelerine bagyşlanýar.


21.12.2019 | S.A.Nyýazowy hatyralamak çäresi

Şu gün paýtagtymyzyň «Garaşsyzlygyň 10 ýyllygy» seýilgähindäki Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti S.A.Nyýazowyň heýkeline gül goýmak çäresi boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter