Jemgyýet

Jemgyýet

25.10.2017 | Garaşsyzlygymyzyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň we daşary ýurtly raýatlaryň günäsini geçmek barada Permana gol çekildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakyndaky” Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini, şeýle hem belli bir ýerde ýaşamak borjuny ýüklemek görnüşindäki goşmaça jeza çäresini çekmekden boşadyldy.


25.10.2017 | Ýurdumyzda halkara bilim we sport forumy geçiriler

Ýurdumyzda şy ýylyň 9-10-njy noýabrynda “Bilim we sport Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe” atly Halkara sergisi hem-de ylmy maslahaty geçiriler.


24.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti durmuş maksatly täze desgalaryň toplumynyň açylyşyna gatnaşdy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlan durmuş maksatly desgalaryň açylyşy mynasybetli dabaralar dowam etdi. Bu ýerde, gün-günden gözelleşýän Aşgabadyň günorta-günbatar böleginde ajaýyp ak mermerli binalary hem-de zerur bolan döwrebap düzümi özünde jemleýän täze kaşaň desgalar toplumy peýda boldy.


23.10.2017 | Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky kottežler toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.


23.10.2017 | Paýtagtymyz Aşgabatda täze görnüşli ýaşaýyş jaý toplumlary açyldy

Paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherini ösdürmegiň 15-nji nobatdakysynyň çäklerinde gurlup ulanmaga berilýän kottežler toplumynyň açylyş dabarasy boldy.


20.10.2017 | Ýyllyk žurnalyň täze sany

“Syýasat we jemgyýet” atly ylmy-nazaryýet žurnalyň nobatdaky, 2016-njy ýyl üçin 4-nji sany çapdan çykdy. Ol Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwi tarapyndan türkmen we rus dillerinde çap edilýär.


17.10.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabadyň golf-klubunyň işlemegine badalga berdi

Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Türkmenistanda ilkinji golf-kluby açyldy.


17.10.2017 | Döwlet Baştutanymyz: gadymy döwürlerde türkmenler golfa meňzeş çilik oýnunda bäsleşipdirler

Hormatly Prezidentimiz Aşgabadyň golf-klubynyň açylyş dabarasynda çykyş edip, täze sport toplumynyň dynç almak üçin meşhur künjege öwrüljekdigine ynam bildirdi.


15.10.2017 | “Türkmentelekom” hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy limitsiz Internet üçin bahalary azaltmak boýunça çäre geçirýär

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygynyň hormatyna “Türkmentelekom” döwlet Internet-prowaýderi hem-de Aşgabat şäher telefon ulgamy baýramçylyk çäresini geçirýärler: 2017-nji ýylyň 5—31-nji oktýabry aralygynda müşderilere limitsiz Internete amatly bahalar boýunça birikmek mümkinçiligi dörediler.


13.10.2017 | Türkmenistanyň inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär

Oguz han adyndaky Türkmenistanyň inžener-tehnologiýalar uniwersiteti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy giňeldýär. Bilim, ylym we tehnologiýalar ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek meselesi Türkmenistanyň hökümet mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter