Jemgyýet

Jemgyýet

04.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gypjak obasyndaky metjitde mukaddes Oraza baýramy mynasybetli toý sadakasyny berdi. Ozal habar berlişi ýaly, halkymyzyň milli baýramçylygy mynasybetli döwlet Baştutanymyz 4-nji iýuny iş güni däl diýip yglan etmek hakynda Permana gol çekdi.


04.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Oraza baýramy bilen gutlady

Sizi ahlak tämizliginiň we ruhy kämilligiň baýramy — mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Ynsanperwerligiň we hoşniýetliligiň belent ýörelgelerini özünde jemleýän baýramçylygyň şanyna geçiriljek aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan buýsanjymyzy has-da artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.


03.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy

Şu gün Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan esaslandyrylan Bütindünýä welosiped güni giňden bellenildi. Munuň özi milli Liderimiziň sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa ýagdaýyny berkitmek ugrunda edýän tagallalaryna halkara derejede ýokary baha berilýändiginiň we ykrar edilýändiginiň subutnamasy boldy.


02.06.2019 | Çagalaryň bagtyýarlygy — Watanymyzyň buýsanjy

1-nji iýunda Türkmenistan Çagalary goramagyň halkara gününi giňden belledi. Bu baýram mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde çagalaryň şatlygyna şatlyk goşan köp sanly şadyýan we gyzykly çäreler geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ajaýyp baýram mynasybetli çagalara iberen Gutlagynda belleýşi ýaly «Gözlerimiziň guwanjy, göwünlerimiziň buýsanjy bolan bagtyýar çagalar berkarar Watanymyzyň dünýädäki abraýyny, mertebesini, şan-şöhratyny has-da beýgeltjek nesillerimizdir».


01.06.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna

Sizi güneşli tomus paslynyň nurana günlerinde giňden bellenýän Çagalary goramagyň halkara güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Bu halkara baýrama bagyşlanan aýdym-sazly dabaralaryň, medeni-jemgyýetçilik çäreleriniň mähriban halkymyzyň, aýratyn hem bagtyýar körpelerimiziň ýadynda ýakymly ýatlamalary galdyryp, bagtly çagalygyň Diýaryna öwrülen eziz Watanymyza buýsanjymyzy has artdyrjakdygyna berk ynanýaryn.


31.05.2019 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi ruhy-ahlak ýörelgelerimizi, dostluk we goňşuçylyk dessurlarymyzy dabaralandyrýan Gadyr gijesi bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Däp bolşy ýaly, «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda hem keremli Oraza aýynyň mübärek Gadyr gijesiniň sahawatynyň we berekediniň birek-birege hormat-sarpamyzy, mähir-muhabbetimizi, agzybirligimizi we jebisligimizi has-da pugtalandyryp, eziz Watanymyzda täze, belent sepgitlere ýetmäge ruhlandyrjakdygyna berk ynanýaryn.


31.05.2019 | Milli Liderimiz Gadyr gijesi mynasybetli agzaçar sadakasyny berdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gadyr gijesiniň gelmegi mynasybetli Marydaky Gurbanguly hajy metjidinde öz serişdeleriniň — ýazan kitaplary üçin gelip gowşan galam haklarynyň hasabyna agzaçar sadakasyny berdi. Oňa ýurdumyzyň müftüsi, ähli welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ymamlary, hormatly ýaşulular hem-de sebitiň ýaşaýjylary gatnaşdylar.


28.05.2019 | Türkmenistan bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmegi artdyrýar

Ministrler Kabinetiniň 10-njy maýda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň 2020-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda» Karara gol çekip, hökümet agzalaryna Döwlet býujetiniň maddalarynyň üstünde dykgatly işläp, ýaşaýyş-durmuş ugruna, zähmet haklarynyň möçberini köpeltmäge hem-de bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryny maliýeleşdirmek üçin çykdajylary artdyrmaga aýratyn üns bermegiň zerurdygyny tabşyrdy.


26.05.2019 | Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi we halkara sergi

Şu gün paýtagtymyzda maý aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli «Dünýäniň bezegi — türkmen halysy» atly halkara sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XIX mejlisi geçirildi. Iri pudaklaýyn sergini Dokma senagaty ministrligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.


25.05.2019 | «Soňky jaň» baýramçylygy mynasybetli dabaralar

Şu gün ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň uçurymlary üçin soňky jaň kakyldy. Türkmenistanyň ähli künjeklerinde täze belent maksatlara ýetmäge ruhlanan oglanlaryň we gyzlaryň müňlerçesiniň durmuşynda ýatdan çykmajak waka bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Olar mekdep ýyllarynyň dowamynda dünýägaraýşyny giňeltmek üçin ygtybarly binýady emele getiren köptaraply bilimleri aldylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter