Jemgyýet

Jemgyýet

18.05.2018 | Döwletliler köşgündäki baýramçylyk dabarasy

Şu gün Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäresi geçirildi. Onda bu ýerde terbiýelenýän çagalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan hurmadan taýýarlanan nygmatlary sowgat aldylar.


18.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet baýdagy –biziň mizemez agzybirlimiziň nyşanydyr

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


17.05.2018 | Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan maslahatlar

Ählihalk baýramçylygy bolan ýurdumyzda bir bitewi dabara hökmünde ilkinji gezek bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli giň jemgyýetçiligiň, milli parlamentiň, ylym we döredijilik intelligensiýasynyň, zähmetkeşler toparlarynyň wekilleriniň, okuwçylaryň we talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda mowzuklaýyn maslahatlar geçýär.


16.05.2018 | Sebit işçi toparynyň mejlisi

Paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň maslahatlar zalynda “Aral deňzi sebitindäki ýurtlara ýardam etmek boýunça hereketleriň maksatnamasyny” (ADSM-4) işläp taýýarlamak boýunça Sebit işçi toparynyň birinji mejlisi geçirildi, ol Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna (AHHG) başlyklyk etmeginiň çäklerinde guralýar.


15.05.2018 | Döwletiň durmuş syýasatynyň maksady — halkyň abadançylygy

Kaka etrabynda durky täzelenen durmuş maksatly desgalaryň birnäçesini ulanmaga bermek dabarasy boldy.


10.05.2018 | Oňaýly ýaşaýyş jaýlary halkymyzyň abadançylygy barada döwlet aladasydyr

Şu gün Ak bugdaý etrabynyň Änew şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynda öýlere göçüp baranlara açarlary gowşurmak dabarasy boldy.


09.05.2018 | Beýik Ýeňşiň şanyna guralan dabaralar

Şu gün Türkmenistanda adamzadyň parahatçylyga, dostluga, ynsanperwerlige we halklaryň jebisligine bolan telwasyny aňladýan 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi.


09.05.2018 | Türkmenistan ekologiýa ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär

Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň (AHHG-nyň) Ýerine ýetiriji komiteti tarapyndan Halkara hyzmatdaşlyk boýunça german jemgyýetiniň (GIZ) “Merkezi Aziýada suw serişdelerini serhetüsti dolandyrmak” maksatnamasynyň ýardam bermeginde guralan iki günlük duşuşyk Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak we ösdürmek meselesine bagyşlandy.


09.05.2018 | Nebitgaz pudagy baradaky makalalaryň bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlenildi

“Ylym — ösüşiň hereketlendiriji güýji” atly “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlarynyň ýardam bermeginde “Nebit-gaz” gazeti tarapyndan nebitgaz pudagyna degişli iň gowy ylmy-wagyz makalalaryny ýazmak boýunça döredijilik bäsleşiginiň netijeleri jemlenildi.


05.05.2018 | “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport çäresiniň jemleri jemlenildi

Şu gün Milli sport we syýahatçylyk institutynda her ýyl geçirilýän “Türkmenistan –ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly çäräniň netijelerini jemlemek dabarasy boldy, bu çäre köpçülikleýin sporty we bedenterbiýäni giňden wagyz etmäge gönükdirilendir. Ony Sport we ýaşlar syýashaty ministrligi, şeýle hem ýurdumyzyň sport ugurly ýokary okuw mekdebi guradylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter