Jemgyýet

Jemgyýet

09.07.2018 | Watanymyz sport ruhubelentligi hem-de döredijilik zehini bilen beýgelýär

Ozal habar berlişi ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň alty aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 9 — 23-nji iýul aralygynda ýurdumyzyň ýolbaşçy düzüminiň dynç alşa çykýandygyny yglan etdi.


30.06.2018 | Edermenler Watany şöhratlandyrýar

Şu gün Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň mejlisler zalynda şanly waka — Berdimuhamet Annaýewiň “Edermenligi üçin” diýen medal bilen sylaglanylmagyna bagyşlanan dabaraly ýygnak geçirildi. Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň ýörite Permany bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Watany goramakda hem-de Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda esger borjuny ýerine ýetirmekde görkezen şahsy edermenligi, batyrlygy hem-de gaýduwsyzlygy üçin bu ýokary döwlet sylagyna mynasyp boldy.


29.06.2018 | Hormatly Prezidentimiziň Akhan atly bedewi — Ginnesiň rekordlar kitabynda!

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň durmuşynyň her bir güni şanly wakalara beslenýär. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr, çünki milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çäksiz aladasy we ünsi netijesinde döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmegiň ähli ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Ine, şu gün hem ýene-de bir gyzykly waka bolup geçdi.


29.06.2018 | Ýokary ruhubelentlik — Watanymyzyň bagtyýar durmuşynyň esasy

Mary welaýatynyň dolandyryş merkezinde halkymyzyň gadymdan gözbaş alýan däplerine laýyklykda, Gurbanguly hajy metjidinde hormatly Prezidentimiziň baş saglygyna, il-ýurt abadançylygynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi.


20.06.2018 | Ynsanperwer ulgamda hyzmatdaşlyk — halklary ýakynlaşdyrmagyň ýoly

Şu gün Gazagystanyň paýtagtynda GDA gatnaşyjy döwletleriň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň ХIII forumy öz işini tamamlady. Oňa Azerbaýjandan, Ermenistandan, Belarusdan, Gyrgyzystandan, Moldowadan, Russiýa Federasiýasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan we Özbegistandan wekiller gatnaşdylar. Olaryň hatarynda görnükli ylym, bilim, medeniýet işgärleri, Arkalaşygyň ýurtlarynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem döwletara düzümleriň, halkara guramalaryň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriň wekilleri bar.


19.06.2018 | Türkmen wekiliýeti ynsanperwer gatnaşyklaryň geljeginiň ara alnyp maslahatlaşylmagyna gatnaşýar

Şu gün Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy ýurtlaryň döredijilik we ylmy intelligensiýasynyň XIII forumy işläp başlady. Oňa Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar. “GDA-nyň çäklerinde gatnaşyklar — XXI asyrda ynsanperwer hyzmatdaşlygyň geljegi” baradaky gürrüňler her ýyl geçirilýän duşuşygyň esasy meselesi boldy.


19.06.2018 | Türkmenistan — ÝHHG: maglumat ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün “Ýyldyz” myhmanhanasynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýaş işgärleri üçin niýetlenen okuw maslahaty öz işine başlady. Ol ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan guraldy. Okuw maslahatyna milli gazet-žurnallaryň, maglumat internet-neşirleriniň, teleradioýaýlymlaryň žurnalistleri gatnaşýarlar.


16.06.2018 | Hünär ussatlygy - Watan goragynyň ýokary derejesiniň kepili

Şu gün ýurdumyzyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynda, Harby-Deňiz institutynda, Serhet institutynda, Milli howpsuzlyk institutynda hem-de Içeri işler ministrliginiň institutynda harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlarynyň gutardyş dabaralary geçirildi. Şeýle hem şu ýyl Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň ýokary serkerdeler düzüminiň we Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk bölüminiň uçurymlarynyň ilkinji gutardyş dabaralary guraldy.


15.06.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Sizi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de adamzadyň ahlak we ruhy päkligini dünýä ýaýýan mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


12.06.2018 | Türkmen ylmynyň ýaş nesli — bäsleşigiň ýeňijileri

Şu gün şanly sene — Ylymlar güni mynasybetli Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň maslahatlar zalynda ýaş alymlaryň arasynda geçirilýän bäsleşigiň ýeňijilerine baýraklary gowşurmak dabarasy boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter