Jemgyýet

Jemgyýet

19.07.2018 | Hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy Türk­me­nis­ta­nyň sag­ly­gy go­raý­şy­nyň in­no­wa­si­ýa ýo­lu­dyr

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da iş­le­nip taý­ýar­la­ny­lan «Sag­lyk» Döw­let mak­sat­na­ma­syn­da göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­ler, ýag­ny ke­sel­le­riň öňü­ni al­mak, öm­rüň or­ta­ça do­wam­ly­ly­gy­ny art­dyr­mak, sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we­zi­pe­le­ri tä­ze öň­de­ba­ry­jy sag­ly­gy go­ra­ýyş eda­ra­la­ry­ny gur­mak, der­man se­na­ga­ty­ny ös­dür­mek, şy­pa­ha­na ul­ga­my­ny dö­ret­mek, hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gy kä­mil­leş­dir­mek ar­ka­ly ne­ti­je­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­dy.


19.07.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow: Ýo­ka­ry de­re­je­de ösen luk­man­çy­lyk döw­le­tiň kuw­wa­ty­nyň ny­şa­ny­dyr

Şu gün, Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­ra­ýyş we der­man se­na­ga­ty iş­gär­le­ri­niň gü­nü­niň öň ýa­nyn­da Le­bap we­la­ýa­ty­nyň do­lan­dy­ryş mer­ke­zin­de tä­ze dur­muş mak­sat­ly des­ga­la­ryň — kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­nyň hem-de ýa­şa­ýyş jaý top­lu­my­nyň ulan­ma­ga be­ril­me­gi my­na­sy­bet­li da­ba­ra­lar bol­dy.


18.07.2018 | Türkmenistanyň şypahanalary - tebigy, saglygy goraýyş we ykdysady mümkinçilikleriň toplumy

“Adam jemgyýetiň we döwletiň esasy gymmatlygydyr” diýen ýörelgeden ugur alýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli syýasatyň taglymat esasy bolan şypahana-dynç alyş pudagynyň ösdürilmegine, dynç alyş, saglygy goraýyş we syýahatçylyk ulgamynyň netijeli häsiýete eýe bolmagyna möhüm ähmiýet berýär.


18.07.2018 | “Demokratiýa we hukuk” žurnaly

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli instituty tarapyndan neşir edilýän “Demokratiýa we hukuk” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.


18.07.2018 | Yssy günleri aşa gyzmakdan nähili goranmaly?!

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Habarlar merkezi tomus paslynyň häzir dowam edýän yssy döwri bilen baglylykda bedeni aşa gyzmakdan goramak üçin özüňi alyp barmagyň kadalaryny we maslahatlaryny taýýarlady.


17.07.2018 | Halkymyzyň abadançylygy durmuş ugurly syýasatyň baş maksadydyr

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynda döwletimizi dünýäniň kuwwatly ýurtlarynyň hataryna çykarmak, halkymyzyň hal — ýagdaýyny has-da gowulandyrmak wezipeleri goýulýar.


16.07.2018 | Türk­me­nis­tan ila­tyň ke­sel­le­re gar­şy dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­de dün­ýä­de öň­de bar­ýar

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti, luk­man­çy­lyk ylym­la­ry­nyň dok­to­ry, pro­fes­sor Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzy­gi­der­li ta­gal­la­sy ne­ti­je­sin­de, Türk­me­nis­tan sag­ly­gy go­ra­ýyş ul­ga­myn­da ila­tyň sa­ni­ta­ri­ýa-epi­de­mio­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny üp­jün et­mek ýa­ly mö­hüm ugur­da dün­ýä­niň köp ýurt­la­ry üçin nus­ga bo­lup dur­ýar.


15.07.2018 | Lukmançylyk biliminiň derejesi halkyň saglygyna gönükdirilýär

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2018 - 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna” laýyklykda, saglygy goraýyş ulgamy hemmetaraplaýyn göwnejaý kämilleşdirilýär, ilatyň arasynda keselleriň öňüni almakda, anyklamakda we bejeriş işlerini geçirmekde dünýä lukmançylygynyň iň täze gazanan usullary ornaşdyrylýar. Aşgabat şäherinde, welaýatlarda häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen abzallaşdyrylan saglygy goraýyş — öňüni alyş hem-de sagaldyş edaralary, şypahanalar, derman kärhanalary ulanylmaga berilýär.


11.07.2018 | Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek babatda hyzmatdaşlyk

“Ýyldyz” myhmanhanasynda “Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda kanunçylygy kämilleşdirmek hem-de söz azatlygyny ilerletmek babatda hyzmatdaşlyk” atly taslamanyň çäklerinde ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan maslahat öz işine başlady.


10.07.2018 | Ylham joşguny — döredijiligiň çäksiz çeşmesi

Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz boş wagtyny «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» kitabynyň dowamyny işlemäge, aýdym-saz döredijiligine bagyşlady.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter