Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

08.02.2019 | Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dolandyryş binasynda Malaýziýanyň «Petronas» halkara kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.


05.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018 ýyl: maliýe-ykdysady ulgam

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan häzirki döwürde dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Eziz Watanymyzyň durnukly ösmegini üpjün etmek şol syýasatyň esasy maksadydyr.


03.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady.


31.01.2019 | Türkmenistan bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň şertlerini üpjün edýär

Şu gün Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmensenagat» agentliklerinde maslahatlar geçirilip, olarda ýakyn geljek üçin bu düzümleriň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


31.01.2019 | Milli senagatyň ösüşi — täze neşiriň sahypalarynda

Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň senagaty» ћurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Neşir döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek baradaky maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda dürli durmuş we önümçilik maksatly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly makala bilen açylýar.


30.01.2019 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwrebaplaşdyrylmagy: özgertmeleriň täze tapgyry

Ýurdumyzyň birnäçe pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, milli Liderimiziň 29-njy ýanwarda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet düzümlerini özgertmek boýunça öňe süren wezipelerine bagyşlanan ýygnak geçdi.


28.01.2019 | Döwletiň ykdysady kuwwaty — jemgyýetiň we her bir adamyň rowaçlygyna

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenip taýýarlanylan hem-de 2025-nji ýyla çenli döwür üçin niýetlenen we Türkmenistanda durmuşa geçirilip başlanan sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ähli pudaklary tehnologik taýdan özgertmegiň we olaryň döwlet tarapyndan dolandyrmagyň, ýurdumyzyň ägirt uly serişdeler we önümçilik kuwwatynyň esasynda ykdysady bilimleri kemala getirmegiň özboluşly ýol kartasydyr.


26.01.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.


24.01.2019 | Ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

Şu gün ýokary tizlikli Aşgabat —Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga bermek dabarasy boldy. Ozal habar berlişi ýaly, Ministrler Kabinetiniň 11-nji ýanwarda bolan mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekip, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň we onuň desgalarynyň taslamasyny düzmegi hem-de olary ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyryp gurmagy tabşyrdy.


21.01.2019 | Türkmen halylary — halkara serginiň täsin gymmatlyklary

Türkmen halkynyň baý däplerini özünde jemleýän, asyrlaryň dowamynda onuň ajaýyplygyny we täsinligini saklap gelýän milli halyçylyk sungaty şu günler Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde elde dokalan haly önümleriniň 24-nji «Carpet & Art Oasis» atly halkara sergisinde görkezilýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter