Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

11.04.2015 | Birža täzelikleri 11-nji Aprel

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.


10.04.2015 | Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde gurluşyk toplumynyň edaralarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady. Bu ýerde oňa gatnaşyjylaryň 125-den gowragy, şol sanda 13 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 107-si öz önümlerini görkezdiler.


08.04.2015 | Elektroenergetika: hyzmatdaşlygyň dünýä tejribesi

Şu günler paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Elektrik energiýasynyň halkara söwdasy hem-de elektrik energiýasyny satyn almak we satmak boýunça halkara şertnamalary” atly okuw maslahaty geçirilýär. Ol ABŞ-nyň halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan guralyp, oňa Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Türkmenenergo” döwlet energetika korporasiýasynyň hünärmenleri gatnaşýarlar.


08.04.2015 | Aşgabatda Halkara gurluşyk sergisi açyldy

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde halkara gurluşyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Ol ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.


05.04.2015 | Birža täzelikleri 5-nji Aprel

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.


30.03.2015 | Türkmenistan “Gündogar-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygyny çaltlandyrýar

Türkmenistan dünýäde tebigy gazyň gorlary boýunça dördünji orny eýelemek bilen, “mawy ýangyjyň” eksporta iberilýän möçberleriniň artdyrylmagyna hem-de bu ýangyjyň dünýäde energiýa serişdeleri babatda uly isleg bildirýän iri bazarlara ýetirilýän ugurlarynyň diwersifikasiýa edilmegine gönükdirilen energetika strategiýasyny işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär.


28.03.2015 | Birža täzelikleri 28-nji Mart

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 10-sy hasaba alyndy.


27.03.2015 | Türkmenistanda gowaça ekişi başlandy

Şu gün, 27-nji martda ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi—gowaça ekişe başlandy. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 20-nji martda bolan mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu ekişiň başlanmagyna ak pata berdi.


24.03.2015 | Türkmen-fin işewürlik maslahaty

Aşgabat, 24-nji mart (TDH). Türkmenistan bilen Finlýandiýa Respublikasynyň arasmyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri şu gün paýtagtymyzdaky “Mizan” işewürlik merkezinde geçirilen türkmen-fin işewürlik maslahatynyň gün tertibiniň esasyny düzdi.


22.03.2015 | Birža täzelikleri 22-nji Mart

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.


 

 

 

Copyright 2012-2020 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter