Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

04.03.2015 | Stambulda Türkmensitan Halkara maýa goýum maslahaty geçýär

Stambul, 4-nji mart (TDH). Şu gün bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasyna resmi saparyna bagyşlanan Türkmenistanyň halkara maýa goýum maslahaty açyldy.


28.02.2015 | Birža täzelikleri 28-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.


26.02.2015 | Türkmen-eýran işewürlik maslahaty

Aşgabat, 26-njy fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna we ösdürilmegine bagyşlanan türkmen-eýran işewürlik maslahaty boldy.


25.02.2015 | Türkmen-awstriýa işewürler maslahaty

Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda iki ýurduň döwlet we telekeçilik düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda türkmen-awstriýa işewürler maslahaty geçirildi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi, täze gatnaşyklary ýola goýmak, mundan beýläkki özara gatnaşyklaryň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak duşuşygyň esasy meseleleri boldy.


24.02.2015 | Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň mejlisi

Aşgabat, 24-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi boldy. Onda Türkmenistan bilen Awstriýa Respublikasynyň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy giňeltmegiň täze ugurlary kesgitlendi .


23.02.2015 | Türkmenistanyň sebitlerini ösdürmegiň maksatnamasy: täze çemeleşmeler we talaplar

20-nji fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamanyň rejelenen görnüşini kabul etmegi ýurdumyzy mundan beýläk-de maksadalaýyk we toplumlaýyn ösdürmekde nobatdaky möhüm ädime öwrüldi.


22.02.2015 | Birža täzelikleri 22-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalaşyklarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy.


18.02.2015 | Malaýziýanyň syýahatçylyk ulgamy türkmen bazaryny nazarlaýar

Malaýziýanyň syýahatçylyk baradaky hünärmenleri Türkmenistanyň syýahatçylyk bazarlaryny işjeň özleşdirmegi maksat edinýärler. Olar bu ugry işewürçiligi mundan beýläk-de ösdürmek üçin geljegi uly ugur hasaplaýarlar. Şunuň ýaly başlangyçlar türkmen wekiliýetiniň Malaýziýa bolan iş saparynyň çäklerinde geçirilen işewür çärelerde has-da giňden äşgär edildi. Şol günler ol ýerde iki ýurduň syýahatçylyk mümkinçiliklerini tanyşdyrmak çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy.


16.02.2015 | Ýol bitumyny öndürmek boýunça desga ulanmaga berildi

Lebap welaýaty, 16-njy fewral (TDH). Şu gün, ählihalk baýramçylygynyň – Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda, Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda ýol bitumyny öndürmek boýunça täze tehnologik desga işe girizildi. Bu desganyň ulanmaga berilmegi Türkmenistanyň energetika boýunça strategiýasyny üstünlikli amala aşyrmagyň ýolundaky ýene-de bir möhüm ädimdir, ýurdumyzda ýokary hilli nebit önümleriniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak şol strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir.


14.02.2015 | Birža täzelikleri 14-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter