Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

08.02.2015 | Birža täzelikleri 8-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 31-si hasaba alyndy.


05.02.2015 | Suwdan peýdalanmak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

Ozal habar berlişi ýaly, 2-nji fewralda geçirilen wideoşekili iş maslahatynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň häkimleriniň ekin meýdanlaryndaky işleriň ýagdaýy baradaky hasabatlaryny diňläp, sebitlerde ýagan ygalyň möçberlerine we topragyň çyglylyk derejesine ünsi çekmek bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleri geçirilende häzirki amatly tebigat-howa şertlerini göz öňünde tutmagyň wajypdygyny nygtady.


04.02.2015 | Hökümetara türkmen-horwat toparynyň mejlisi

Aşgabat, 4-nji fewral (TDH). Şu gün türkmen paýtagtynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-horwat toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Horwatiýa Respublikasynyň birnäçe döwlet düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


31.01.2015 | Birža täzelikleri 31-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda söwdalaşyklaryň 31-si hasaba alyndy.


30.01.2015 | Aşgabatda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady

Aşgabat, 30-njy ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işini tamamlady. Diýarymyzyň we dünýäniň mebel senagatynyň gazananlarynyň ýöriteleşdirilen sergisi eksponentleriň 70-e golaýyny özüne çekdi. Olar işewürligiň bu görnüşinde täze meýilleriň we nusgalaryň dürli öwüşginlerini sergä gelenlere görkezdiler.


28.01.2015 | Türkmen paýtagtynda Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi açyldy

Aşgabat, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň Sergi köşgünde Mebel we öý hojalyk harytlarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Ýöriteleşdirilen sergi—ýurdumyzda geçirilýän giň gerimli sergileriň taryhynda ilkinji bolup, ol mebel pudagynyň gazananlaryny, bu ugurda ýurdumyzyň telekeçiligini ösdürmegiň mümkinçiliklerini, şeýle hem öý üçin köpdürli senagat harytlaryny öndürmek babatda mümkinçilikleri görkezmäge gönükdirilendir.


24.01.2015 | Birža täzelikleri 24-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 42-si hasaba alyndy.


21.01.2015 | Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty: innowasiýalar hyzmatdaşlyga badalga berýär

Aşgabat, 21-nji ýanwar (TDH).Şu gün türkmen paýtagtynda türkmen-amerikan işewürlik maslahaty boldy. Şol maslahatyň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we söwda-ykdysady gatnaşyklary, işewürlik gatnaşyklaryny we ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça täze çemeleşmeler kesgitlenildi.


17.01.2015 | Birža täzelikleri 17-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.


14.01.2015 | Türkmenistanyň içerki haryt dolanyşygy bir ýylda 17 göterim artdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda düýpli durmş-ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilýän, halk hojalyk toplumynyň işine bazar ýörelgeleriniň ornaşdyrylýan döwründe söwda ulgamy Türkmenistanda uly üýtgeşmeleri başdan geçirdi. Ykdysady ösüş içerki söwdanyň ýokarlanmagyna ýardam etdi. Şol içerki söwdada giň gerimli bäsdeşlik kemala geldi, telekeçilik we maýa goýum işjeňligi aýdyň ýüze çykdy, işewürligi guramagyň häzirki zaman usullary peýdalanylyp başlandy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter