Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

23.04.2015 | Türkmen-italýan işewürler maslahaty

Aşgabat, 23-nji aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzyň “Mizan” täjirçilik merkezinde geçirilen nobatdaky türkmen-italýan işewürler maslahaty ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde we mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm ädim boldy.


22.04.2015 | Halkara bilermenler toparynyň duşuşygy

Brýussel, 22-nji aprel (TDH). Şu gün Belgiýanyň paýtagtynda energýia serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça bilermenleriň halkara duşuşygy geçirildi. Ol halkara hyzmatdaşlygynyň täze energetika düzümlerine maýa goýmak ugruna bagyşlandy.


20.04.2015 | Babadaýhanlar şaly ekişine taýýarlyk görýärler

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary şaly ekiljek ýerleri möwsüme taýýarlaýarlar. Ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynda şaly Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky etrapda 8 müň 100 gektar meýdana ekiler. Lebap welaýatynyň Garaşsyzlyk, Serdarabat, Saýat, Garabekewül we Halaç etraplarynda bolsa bu ekini 10 müň 200 gektara ekmek meýilleşdirilýär.


18.04.2015 | Birža täzelikleri 18-nji Aprel

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 44-si hasaba alyndy.


12.04.2015 | Türkmen köli: ulanylan suwlary gaýtadan peýdalanmak boýunça dünýädäki oňyn tejribe

Mälim bolşy ýaly, suw tutuş Merkezi Aziýa sebiti, şol sanda Türkmenistan üçin ýaşaýşyň we geljekki ösüşiň iň gymmatly serişdeleriniň biridir. Hut şuňa görä-de, daşky gurşawy goramak, şol sanda suw serişdelerini aýawly saklamak we rejeli ulanmak bilen bagly wezipeler Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurdyr. Türkmenistanyň «Suw hakyndaky» Kodeksi oba hojalygynda, senagatda we durmuş ulgamynda suwdan peýdalanmagyň hukuk binýady bolup hyzmat edýär.


11.04.2015 | Birža täzelikleri 11-nji Aprel

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.


10.04.2015 | Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady

Aşgabat, 10-njy aprel (TDH). Şu gün paýtagtymyzdaky Sergi köşgünde gurluşyk toplumynyň edaralarynyň işjeň gatnaşmagynda ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan Halkara gurluşyk sergisi işini tamamlady. Bu ýerde oňa gatnaşyjylaryň 125-den gowragy, şol sanda 13 döwletden daşary ýurt kompaniýalarynyň 107-si öz önümlerini görkezdiler.


08.04.2015 | Elektroenergetika: hyzmatdaşlygyň dünýä tejribesi

Şu günler paýtagtymyzyň “Grand Türkmen” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda “Elektrik energiýasynyň halkara söwdasy hem-de elektrik energiýasyny satyn almak we satmak boýunça halkara şertnamalary” atly okuw maslahaty geçirilýär. Ol ABŞ-nyň halkara ösüş agentligi (USAID) tarapyndan guralyp, oňa Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we “Türkmenenergo” döwlet energetika korporasiýasynyň hünärmenleri gatnaşýarlar.


08.04.2015 | Aşgabatda Halkara gurluşyk sergisi açyldy

Aşgabat, 8-nji aprel (TDH). Paýtagtymyzyň Sergi köşgünde halkara gurluşyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Ol ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guraldy.


05.04.2015 | Birža täzelikleri 5-nji Aprel

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter