Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

04.02.2017 | Birža täzelikleri 4-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


01.02.2017 | Alym: barlaglar uglewodorod gorlaryna baha berilýän möçberini artdyrmaga esas döredýär

Türkmenistan gaz görnüşli uglewodorod serişdeleri boýunça iň baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Munuň bilen bir wagtda hem alymlar ýurdumyzyň düzlük meýdanlarynda, şeýle hem Günbatar-Türkmen dag çöketliginiň çäklerinde geçirilýän geologiýa, geofizika we buraw barlaglary netijesinde gazyň we gaz kondensatynyň gorlarynyň düýpli bilelikde ösdüriljekdigine ynanýarlar.


27.01.2017 | Täze köpri söwda aragatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam berer

Täze köpri goňşy döwletleriň arasyndaky söwda aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň üznüksiz amala aşyrylmagyna ýardam eder.


21.01.2017 | Birža täzelikleri 21-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.


19.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary DES-de täze taslamanyň ekologiýa we eksport atykmaçlyklaryna baha berdi

Mary welaýatyna iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow utgaşykly dolanyşykda işleýän gazbugturbinaly elektrostansiýanyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrostansiýa “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça Mary DES-niň çäklerinde bina edilýär.


16.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde iş maslahatyny geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde Ministrler Kabinetiniň ulag we aragatnaşyk ulgamyna, senagat pudagyna, nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän orunbasarlarynyň, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylarynyň we Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


16.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenbaşy şäheriniň Halkara deňiz menziliniň gurluşygynyň barşyny gözden geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz menziline bardy. Döwlet Baştutanymyz deňiz menziliniň desgalarynda işläp ýören hünärmenler we işçiler bilen duşuşdy, işleriň barşy, taslamanyň tehniki aýratynlyklary, port hojalygyna gelip gowşan tehnikalaryň nusgalary bilen tanyşdy.


16.01.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti Gyýanlydaky gazhimiýa toplumynyň gurluşyk meýdançasyna bardy

Hormatly Prezidentimiz Gyýanly şäherçesinde tebigy gazy gaýtadan işleýji we polietilen we polipropilen öndüriji gazhimiýa toplumynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Toplumyň hünärmenleri döwlet Baştutanymyza 2018-nji ýylyň sentýabrynda ulanmaga bermek maksat edinilýän kärhananyň tehnologik häsiýetnamalary hem-de mümkinçilikleri bilen tanyşdyryp, gurnama işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Döwlet Baştutanymyz toplumyň birnäçe onümçilik desgalaryny we enjamlaryny gözden geçirdi.


16.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garabogazdaky karbamid zawodynyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy etrabynyň garabogaz şäherinde gurulýan karbamid önümçiligi boýunça zawodyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Döwlet Baştutanymyz gurulýan kärhananyň esasy bölümlerini gözden geçirdi, taslamanyň buýrujysynyň we potratçysynyň wekilleri bilen duşuşdy, desganyň maliýeleşdirilişi, enjamlary getirmegiň hem-de gurluşyk işleriniň möhletleriniň berjaý edilişi, geljekde karbamid dökünlerini eksporta ibermek meseleleri bilen gyzyklandy.


15.01.2017 | Birža täzelikleri 15-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter