Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

07.02.2017 | Türkmenistanyň bölek haryt dolanyşygy 17 göterim ýokarlandy

Ýanwar aýynyň jemleri boýunça Türkmenistanda bölek haryt dolanyşygynyň möçberleri geçen ýylyň degişli döwrüniň görkezijileri bilen deňeşdirilende, 17 göterime golaý artdy. Şunda bellenilen çäklerde sarp ediş harytlarynyň hem-de ilata edilýän hyzmatlaryň bahalary saklandy.


07.02.2017 | Ýanwar aýynda ulag toplumynda iň oňat meýilnama görkezijileri – Deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugynda

Deňiz we derýa ulaglary Döwlet gullugy tarapyndan ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işler boýunça meýilnama 117 göterim berjaý edildi.Ýük daşamakda we hyzmat ediş ulgamynda ösüş depgini 101 göterime deň boldy.


07.02.2017 | Türkmenistanyň senagat ulgamy önümçilik görkezijilerini artdyrýar

Türkmenistanyň senagat syýasaty innowasion taýdan ösüşe, milli ykdasadyýetiň bäsleşige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmäge gönükdirilendir. Dünýä bazarynda milli önümçiligiň senagat harytlarynyň eýeleýän ornuny pugtalandyrmak üçin ýurdumyzda gaýtadan işleýän kärhanalar döwrebaplaşdyrylýar, netijeli tehnologiýalar ornaşdyrylýar.


07.02.2017 | Türkmen ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary ýanwar aýynyň meýilnamadaky wezipelerini artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmen ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary tarapyndan ýanwar aýynda nebit we gaz kondensatyny almak boýunça meýilnama 108 göterim, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 107,6 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 100,7 göterime deň boldy.


07.02.2017 | Türkmen ekerançylary we maldarlary azyk önümçiligini artdyrýarlar

Türkmenistanyň oba senagat toplumynda ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwründäki bilen deňeşdirilende, önüm öndürilişiniň umumy möçberiniň ösüşi 4 göterim üpjün edildi.


04.02.2017 | Birža täzelikleri 4-nji Fewral

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy.


01.02.2017 | Alym: barlaglar uglewodorod gorlaryna baha berilýän möçberini artdyrmaga esas döredýär

Türkmenistan gaz görnüşli uglewodorod serişdeleri boýunça iň baý ýurtlaryň biri hasaplanýar. Munuň bilen bir wagtda hem alymlar ýurdumyzyň düzlük meýdanlarynda, şeýle hem Günbatar-Türkmen dag çöketliginiň çäklerinde geçirilýän geologiýa, geofizika we buraw barlaglary netijesinde gazyň we gaz kondensatynyň gorlarynyň düýpli bilelikde ösdüriljekdigine ynanýarlar.


27.01.2017 | Täze köpri söwda aragatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam berer

Täze köpri goňşy döwletleriň arasyndaky söwda aragatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna, ýük we ýolagçy gatnawlarynyň üznüksiz amala aşyrylmagyna ýardam eder.


21.01.2017 | Birža täzelikleri 21-nji Ýanwar

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.


19.01.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mary DES-de täze taslamanyň ekologiýa we eksport atykmaçlyklaryna baha berdi

Mary welaýatyna iş saparynyň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow utgaşykly dolanyşykda işleýän gazbugturbinaly elektrostansiýanyň gurluşygynyň barşy bilen tanyşdy. Kuwwatlylygy 1574 MWt bolan elektrostansiýa “Türkmenenergo” Döwlet elektroenergetika korporasiýasynyň buýurmasy boýunça Mary DES-niň çäklerinde bina edilýär.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter