Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

07.07.2017 | TOPH gazgeçirijisiniň gurluşyk işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gazgeçirijisiniň türkmen böleginiň gurluşygynyň barşy, gurluşyk işleriniň meýilnama laýyklykda alnyp barylýar. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Babaýew hasabat berdi.


07.07.2017 | Hormatly Prezindetimiz galla taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalary ýerine ýetirmändikleri üçin käýinç yglan etdi

Şu ýyl ýurdumyzda 1 million tonnadan sähel gowrak galla hasyly ýygnalyp alyndy. Bu barada şu ýylyň 6 aýynyň jemleri boýunça geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer E.Orazgeldiýew habar berdi. 2017-nji ýyl üçin galla ýygnamagyň şertnamalaýyn borçnamasy 1 million 600 müň tonnadan ybarat boldy.


07.07.2017 | Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,4 göterim ýokarlandy

2017-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,4 göterim ýokarlandy. Bu barada hökümetiň giňeldilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Döwlet Baştutanymyzyň sözlerine görä, Döwlet býujetiniň girdejileri artdy, bu bolsa aýlyk zähmet hakynyň, ortaça 9 göterim ýokarlandyrylmagyna, şeýle hem milli walýutanyň – manadyň hümmetiniň bellenilen derejede saklanmagyna mümkinçilik berdi.


07.07.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti 2018-nji ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek barada tabşyryk berdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet agzalaryna, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna welaýat häkimlerine geljek ýyl üçin Döwlet býujetini düzmäge girişmegi tabşyrdy.


07.07.2017 | “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni ýatyryldy

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserni ýatyryldy.


07.07.2017 | Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda durnukly ösüş gazanylýar

Türkmenistanyň ulag-aragatnaşyk toplumynda 2017-nji ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda oňat ösüş derejesi gazanyldy. Bu barada ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde aýdyldy.


07.07.2017 | “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tehniki ýoduň önümçiligini artdyrýar

2017-nji ýylyň birinji ýarymynda Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň senagat pudagynyň ösüşiniň jemleri barada habar berildi.


06.07.2017 | Hytaý önüm öndürijileriniň sergisi tamamlandy

Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işini tamamlady. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän bu sergi dostlukly ýurduň senagat we eksport kuwwaty bilen tanyşdyrmakda netijeli meýdança boldy.


04.07.2017 | Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk

Paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi açyldy. Ol Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan Hytaý Halk Respublikasynyň Täjirçilik ministrligi, halkara söwdasyna goldaw bermek baradaky komiteti hem-de Sinszýan – Uýgur awtonom oblastynyň hökümeti bilen bilelikde ilkinji gezek guraldy.


04.07.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisine gatnaşyjylara öz gutlagyny iberdi

Şu gün paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynda öndürilýän harytlaryň köpugurly sergisi öz işine başlaýar. Hormatly Prezidentimiz oňa gatnaşyjylara öz gutlagyny iberdi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter