Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

08.09.2017 | Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy güýz-gyş möwsümine taýýarlyk görmegini tamamlady

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy güýz-gyş möwsüminde sarp edijileri tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmäge taýýarlyk görülişini tamamlady. Bu barada hökümetiň mejlisinde bu ugra gözegçilik edýän wise-premýer M. Babaýew habar berdi. Ýurdumyz boýunça 930 müň 210 hojalyk hem-de 5 müň 424 senagat we durmuş maksatly kärhana şertnamalaýyn esasda tebigy gaz bilen üpjün edilýär.


08.09.2017 | Türkmenistanyň demir ýol ulagy paýdarlar jemgyýetine öwürler

Demir ýol ulaglary ministrligi pudagyň kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetine öwürmäge taýýarlanýar. Hökümetiň mejlisinde ulag we aragatnaşyk boýunça wise-premýer B.Annameredowyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda ministrliginiň garamagyndaky birnäçe kärhanalaryň guramaçylyk-hukuk düzümini kämilleşdirmek boýunça işler geçirilýär. Demir ýoluň Aşgabat böleginiň birleşdirilen hojalygynyň paýly gatnaşmagynda “Türkmendemirýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek teklip edilýär.


06.09.2017 | Daşoguzly ekerançylar pagta ýygymyna girişdiler

Daşoguz welaýatynyň ekerançylary pagta ýygymyna girişdiler. Bu ýerde hemişe bolşy ýaly, howa şertlerine görä, ýygym möwsümi ýurdumyzyň beýleki sebitlerine garanyňda biraz gijräk badalga alýar.


31.08.2017 | Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygyna käýinç yglan edildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Gylyjow Babagylyja käýinç yglan edildi.


31.08.2017 | Türkmenistanyň ykdysadyýet boýunça wise-premýeri saglyk ýagdaýy sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşadyldy

Bäşimmyrat Hojamämmedow saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady, bank we halkara maliýe guramalary meseleleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.


31.08.2017 | Ýylyň 8 aýynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň depgini 6,4 göterime deň boldy

2017-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň jemi içerki önüminiň ösüşiniň depgini 6,4 göterime deň boldy.


31.08.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalygynyň özgerdilişini çaltlandyrmagy talap etdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 8 aýynyň netijeleri boýunça hökümetiň mejlisinde ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda düýpli özgertmeleriň geçirilmegini işjeňleşdirmegi talap edtdi.


31.08.2017 | Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň gurulmagyna taýýarlyk işleri alnyp barylýar

Häzirki wagtda Owganystanyň we Pakistanyň çäklerinde Türkmenistan-Owganystan-Hindistan-Pakistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygy bilen baglanyşykly guramaçylyk işleri alnyp barylýar. Bular barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde nebitgaz toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer M.Babaýew habar berdi.


30.08.2017 | Ýurdumyzda pagta ýygymy badalga aldy

30-njy awgustda ýurdumyzda möhüm oba hojalyk möwsümi bolan pagta ýygymy badalga aldy. Pagtaçylyk Türkmenistanda önümçilik möçberiniň artdyrylmagyna ilkinji derejede ähmiýet berilýän strategik oba hojalyk ekinleriniň biridir. Pagtanyň özi-de, ondan öndürilýän dokma önümleri hem dünýa bazarlarynda ýokary isleglerden peýdalanmak bilen, ýurdumyzyň eksportynyň möhüm bölegini düzýärler.


26.08.2017 | Daşoguz welaýatynda birbada iki desganyň açylyş dabarasy boldy

Demirgazyk welaýatyň merkezinde kafel plitalarynyň önümçiligi boýunça kiçi kärhananyň, S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň Hasylçy geňeşliginiň “Döwletli” daýhan birleşiginde döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter