Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

25.10.2017 | Ýurdumyzda milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygy belleniler

Şu ýylyň şu ýylyň 1-nji noýabrynda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 24 ýyllygyna bagyşlanyp ylmy-amaly maslahat geçiriler.


23.10.2017 | Bereket menzilindе täze lokomotiw deposy işe girizildi

Bereket demir ýol menzilinde Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunda gatnawlary işjeňleşdirmek boýunça çäreleriň toplumynyň çäklerinde gurlan täze lokomotiw deposy dabaraly ýagdaýda ulanmaga berildi.


21.10.2017 | Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda ABŞ-nyň 56 million dollaryndan gowrak söwdalar edildi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 51-si hasaba alyndy.


20.10.2017 | Owadandepedäki zawod—tebigy gazy işleýän “barlaghana”

Ýakynda geçirilen Ýaşulularyň maslahatynda kabul edilen “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018-2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna” laýyklykda, senagat taýdan ösen ykdysadyýeti döretmek maksadynda ileri tutulýan milli ugurlary üpjün etmek, ylmy-tehniki işleri ornaşdyrmak boýunça işler dowam etdiriler.


19.10.2017 | Baýramçylyk “kerwenleri” “ak altynyň” bir million tonnadan gowragyny taýýarlaýyş nokatlaryna tabşyrdylar

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ýygym möwsümi şanly sepgide ýetdi. Ýurdumyzyň taýýarlaýyş bölümlerine “ak altynyň” 1 million tonnadan gowragy tabşyryldy.


14.10.2017 | Birža söwdalarynda eksport geleşikleriniň bahasy ABŞ-nyň 4 million dollaryna barabar boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 32-si hasaba alyndy.


13.10.2017 | Türkmenistanda gämi gatnawy boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylýar

Şu gün bu ýerde Hazarýaka döwletleriniň deňiz portlarynyň düzümleriniň ýolbaşçylarynyň 8-nji mejlisi öz işine başlady. Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň wekilleri iki günüň dowamynda gämi gatnawy, deňiz ýük gatnawlary, howpsuzlygy üpjün etmek, port düzümlerini ösdürmek, logistik maglumatlary alyşmak, Hazaryň deňiz gurşawyny goramak bilen baglanşykly hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar.


12.10.2017 | Halk hojalyk toplumynyň üstünlikleriniň sergisi işläp başlady

Paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan sergisi açyldy. Däp boýunça Watanymyzyň naýbaşy baýramçylygynyň öňüsyrasynda geçirilýän ykdysady gözden geçiriliş milli ykdysadyýetimiziň ajaýyp üstünliklerini aýdyň görkezýän ýylyň özboluşly hasabatyna öwrüldi.


11.10.2017 | I türkmen-hytaý ylmy-innowasiýa forumy öz işine başlady

Paýtagtymyzda “Innowasiýalar, täze tehnologiýalary we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly I Türkmen-hytaý ylmy—innowasiýa forumy açyldy. Ol Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň Ylym we tehniki ministrligi tarapyndan guraldy.


08.10.2017 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden gelen telekeçiler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen göni arassalanan benzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Russiýa Federasiýasyndan, BAE-den, Şweýsariýa Konfederasiýasyndan, Singapurdan, Türkiýe Respublikasyndan, Owganystan Yslam Respublikasyndan we beýleki döwletlerden gelen işewürlere daşary ýurt walýutasyna bugdaý uny, dürli görnüşli boýalan tüýjümek önümler, nah ýüplük, pagta süýümi ýerlenildi. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 19 million 654 müň dollaryndan gowrak boldy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter