Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

24.04.2018 | Türkmen-özbek işewürler maslahaty

Şu gün “International Hotel Tashkent” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp, türkmen-özbek işewürler maslahaty geçirildi.


23.04.2018 | Özbegistanyň paýtagtynda giň möçberli sergi açyldy

Şu gün bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparyna gabatlanyp guralan Türkmenistanyň Milli sergisi öz işine başlady.


21.04.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda baglaşylan geleşikleriň jemi 134-e deň boldy.


14.04.2018 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

Daşary ýurt walýutasyna Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Türkiýeden we beýleki döwletlerden gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, ýakylan we jemlenen nebit koksyny satyn aldylar.


12.04.2018 | Türkmenistan — Koreýa Respublikasy: ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk

Şu gün paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Durnukly ösüş üçin ulag, logistika we infrastruktura ulgamynda hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Ol Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi hem-de Koreýa Respublikasynyň ýurdumyzdaky ilçihanasy tarapyndan guraldy.


08.04.2018 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Owganystandan, Özbegistandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, dizel ýangyjyny, binýatlyk ýagy we nebit ýol bitumyny, şeýle hem Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen M-100 belgili mazudy satyn aldylar.


04.04.2018 | Türkmen dokma önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlanýar

Bazar ykdysadyýetiniň şertlerinde daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça pudaklaryň eýe bolan mümkinçiliklerini doly peýdalanmak wezipesi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gaýtadan işleýän senagatyny ösdürmegiň başyny başlan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ilkinji nobatdaky wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi.


01.04.2018 | Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 164-si hasaba alyndy

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Şweýsariýadan, Owganystandan, Gazagystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen yşyk kerosinini, az kükürtli ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny satyn aldylar.


31.03.2018 | Aşgabatda pudaklaýyn halkara maslahat geçirildi

Paýtagtymyzyň “Arçabil” myhmanhanasynda ýurdumyzyň himiýa senagatynyň işgärleriniň gününe gabatlanyp, “Türkmenistanyň himiýa pudagy ösüş ýolunda” atly ilkinji halkara maslahat geçirildi.


29.03.2018 | Türkmenistanda Özbegistan Respublikasynyň birinji senagat sergisi geçirilýär

Söwda-senagat edarasynyň sergi merkezinde Özbegistan Respublikasynyň Milli senagatynyň sergisi öz işine başlady. Iki goňşy döwletiň Baştutanlary — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen guralýan bu ýöriteleşdirilen ykdysady gözden geçiriliş türkmen paýtagtynda ilkinji gezek geçirilýär hem-de iki dostlukly ýurtlaryň işewürler toparlarynyň arasynda ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak we ösdürmek meselelerine bagyşlanandyr.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter