Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

04.11.2018 | Pagta ýygymynyň öňdebaryjylarynyň sany artýar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 2-nji noýabrda geçirilen mejlisinde pagta ýygymynyň depginini ýokarlandyrmak, ýygnalan hasylyň kabul ediş nokatlaryna hem-de pagta arassalaýjy kärhanalara bökdençsiz ýetirilmeginiň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygy barada aýdyp, pudagyň düşewüntliliginiň artdyrylmagyna, düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, dürli görnüşli önümçilikleriň möçberiniň köpeldilmegine gönükdirilen oba hojalygyny özgertmegiň häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýandygyny aýratyn nygtady.


04.11.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.


02.11.2018 | Saýat etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi

Şu gün Lebap welaýatynyň Saýat etrabynyň zähmetkeşleri döwlete “ak altyn” satmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler. Olar 14 müň 950 gektar meýdanda gymmatly ekiniň bereketli hasylyny ýetişdirip, pagtanyň 46 müň 400 tonnadan gowragyny ýygnap aldylar hem-de kabul ediş bölümlerine tabşyrdylar.


01.11.2018 | Türkmen manady — ýurdumyzyň ykdysady özygtyýarlylygynyň kepili

Paýtagtymyzda milli manadyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi.


01.11.2018 | Garagum etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi

Mary welaýatynyň Garagum etrabynyň ekerançylary Watan harmanyna 44 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.


01.11.2018 | Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärlerine we ähli halkyna

Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ykdysady ösüşleriniň we üstünlikleriniň nyşany bolan Türkmenistanyň milli pul birligi — manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


31.10.2018 | Ak bugdaý etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet ýeňşi

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda “ak altyn” möwsümi güýçli depginde dowam edýär. Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ekerançylary hem möwsümiň öňdebaryjylarynyň hataryna goşuldylar.


30.10.2018 | Darganata etrabynyň ekerançylary döwlet tabşyrygyny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler

Darganata etrabynyň ekerançylary pagta taýýarlamak boýunça döwlet tabşyrygyny üstünlikli ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler, olar Watan harmanyna 6 müň tonnadan gowrak “ak altyn” tabşyrdylar.


29.10.2018 | Bäherden etrabynyň pagtaçylary uly zähmet ýeňşini gazandylar

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň ekerançylary pagta hasylyny taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berdiler.


27.10.2018 | Hojambaz etrabynyň pagtaçylarynyň zähmet üstünligi

Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň pagtaçylary uly zähmet üstünligini gazandylar, olar şu gün Watan harmanyna pagtanyň 21 müň 200 tonnadan gowragyny tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirendikleri barada habar berdiler.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter