Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

09.01.2019 | Bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilişi artýar

Şu gün bu ýerde ýerli hususy kärhanalaryň hünärmenleri tarapyndan bina edilen önümçilik maksatly desgalaryň ikisiniň açylyş dabaralary boldy. Şu mynasybetli dabaralara welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar gatnaşdylar.


05.01.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.


30.12.2018 | Türkmenistanyň 2018-NJI ýylda ykdysady ösüşiniň syny — ugurdaş neşiriň täze sanynda

«Maliýe we ykdysadyýet» ylmy-amaly žurnaly nobatdaky sanynda ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň pudaklarynda bolup geçen esasy wakalara seljerme synyny berýär, bu wakalar «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» şygary ýylynda bolup geçdi.


26.12.2018 | Azyk bolçulygy obasenagat toplumyny döwrebaplaşdyrmagyň baş maksadydyr

20-nji dekabrda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2019-njy ýylda yzygiderli ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen birnäçe wezipeleri kesgitledi.


23.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: Türkmenistanyň şähergurluşyk maksatnamasynyň gerimi — halkyň bähbidine

Şäherlerde we obalarda toplumlaýyn düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, halkyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Türkmenistanda yzygiderli amala aşyrylýan hem-de ata Watanymyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy maksady bolup durýar.


22.12.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 69-sy hasaba alyndy.


20.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagynyň aýnasy

Dünýäniň esasy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli pudaklaýyn hem-de köpugurly ykdysady forumlar netijeli işewür gatnaşyklaryň aýdyň we mazmuny boýunça baý görnüşleriniň birine öwrüldi. Şolar ysnyşykly işewür gatnaşyklary ýola goýmaga, dürli ugurlar boýunça halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ýollaryny gözlemäge gönükdirilendir.


19.12.2018 | Pudaklaýyn forumlar — 2018: Ählumumy logistika we Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary

Ulag-aragatnaşyk ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm orun eýeleýän hem-de ýurdumyzda ulag ulgamy babatda geçirilýän pudaklaýyn maslahatlar bu ugurdaky özara gatnaşyklaryň yzygiderli ösdürilmeginiň möhüm şerti bolup durýar.


15.12.2018 | Aşgabatda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi açyldy

Şu gün paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň däbe öwrülen sergisi açyldy. Ony Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Türkiýäniň “Meridýen Uluslararasi Fuarçilik” kompaniýasy bilelikde gurady.


15.12.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Owganystan Yslam Respublikasyndan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny hem-de Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Russiýa Federasiýasyndan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Beýik Britaniýadan, Türkiýe Respublikasyndan we Özbegistan Respublikasyndan gelen täjirler “Türkmenhimiýa” döwlet konserninde öndürilen ownuk däneli hlorly kalini, tehniki uglerody, tehniki ýody satyn aldylar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter