Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

13.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018-nji ýyl: Ulag we aragatnaşyk

Geçen 2018-nji ýyl ulag we aragatnaşyk düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak hem-de toplumlaýyn ösdürmek boýunça giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmegiň ýyly hökmünde Watanymyzyň ýylýazgysyna girdi. Bu strategiki taýdan möhüm ulgamda geçirilýän işler dürli ugurlar boýunça halkara gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin uly mümkinçilikleri açýar.


13.02.2019 | Türkmenistan — Germaniýa: ykdysady hyzmatdaşlyk giňeldilýär

Şu gün GFR-iň paýtagtynda Türkmen-german işewürler maslahaty açyldy, oňa gatnaşmak üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň wekiliýeti iberildi.


12.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika

2018-nji ýylda ulanylmaga berlen köp sanly desgalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döredijilikli syýasatynyň oňyn netijesidir, ösüşiň täze belentliklerine tarap okgunly öňe barýan Watanymyzyň barha artýan kuwwatynyň aýdyň subutnamasydyr.


10.02.2019 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.


10.02.2019 | Kaka etrabynda döwrebap ýyladyşhana toplumy açyldy

Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Şükür bagşy adyndaky daýhan birleşiginiň çäginde häzirki zaman ölçeglerine kybap derejede gurlup, ulanmaga berlen ýyladyşhana toplumynyň açylyş dabarasy boldy.


08.02.2019 | Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň dolandyryş binasynda Malaýziýanyň «Petronas» halkara kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.


05.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018 ýyl: maliýe-ykdysady ulgam

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmegi netijesinde Türkmenistan häzirki döwürde dünýä hojalyk ulgamyna işjeň goşulyşýan ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Eziz Watanymyzyň durnukly ösmegini üpjün etmek şol syýasatyň esasy maksadydyr.


03.02.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamasy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 1-nji fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyny tassyklady.


31.01.2019 | Türkmenistan bazar gatnaşyklaryny ösdürmegiň şertlerini üpjün edýär

Şu gün Senagat we kommunikasiýa ministrliginiň «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmensenagat» agentliklerinde maslahatlar geçirilip, olarda ýakyn geljek üçin bu düzümleriň işiniň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.


31.01.2019 | Milli senagatyň ösüşi — täze neşiriň sahypalarynda

Türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Türkmenistanyň senagaty» ћurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Neşir döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň sebitlerini ösdürmek baradaky maksatnamasyna laýyklykda, welaýatlarda dürli durmuş we önümçilik maksatly täze desgalaryň ulanmaga berilmegi bilen baglanyşykly makala bilen açylýar.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter