Ykdysadyýet

Ykdysadyýet

17.06.2018 | Galla oragynyň depginleri: Balkan we Daşoguz welaýatlary

Ýerli howa aýratynlyklaryny nazara alyp, ýurdumyzyň beýleki welaýatlaryndan galla oragyna biraz gijräk girişen Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň gallaçylary möhüm möwsümiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň hem-de oňa gatnaşýan ähli düzümleriň sazlaşykly hereketini ýola goýmagyň hasabyna alnyp barylýan işleriň depginini barha güýçlendirýärler.


16.06.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 28-si hasaba alyndy.


15.06.2018 | Galla oragynyň depginleri: Ahal welaýaty

Ahal welaýatynyň galla ekilen meýdanlarynda bugdaýyň ýetişdirilen hasylyny ýygnamak boýunça depginli işler dowam edýär. Bu ýerde eýýäm orak möwsüminiň deň ýarysy geçilip, 112 müň gektara golaý meýdanyň bugdaýy oruldy. Watan harmanyna azyklyk dänäniň 227 müň tonna golaýy tabşyryldy.


14.06.2018 | Galla oragynyň depgini: Mary welaýaty

Mary welaýatynda galla oragynyň barşynda ilkinji zähmet ýeňşi gazanyldy — Tagtabazar etrabynyň kärendeçileri kabul ediş bölümlerine täze hasyldan bugdaýyň 19 müň 800 tonnadan gowragyny getirip, özleriniň şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada habar berdiler.


13.06.2018 | Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary orak möwsümine girişdiler

Türkmenistanda galla oragynyň depginleri barha ýokarlanýar. 13-nji iýunda güýzlük däne oragyna Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň gallaçylary girişdiler.


12.06.2018 | Galla oragynyň depgini: Lebap welaýaty

Lebap welaýatynyň kombaýnçylary 6-njy iýunda badalga alan galla oragynyň başyndan bäri ilkinji 100 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamagy başardylar.


11.06.2018 | Galla oragynyň depgini: Ahal welaýaty

Türkmenistanyň gallaçylary gyzgalaňly döwri başdan geçirýärler. Ýurdumyzda güýzlük bugdaý oragynyň depgini günsaýyn ýokarlanýar. Şu ýyl döwlet tabşyrygyna laýyklykda, ekerançylarymyzyň öňünde 1 million 600 müň tonna bugdaý taýýarlamak wezipesi durýar.


09.06.2018 | Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 45-si hasaba alyndy.


06.06.2018 | Türkmenistanda galla oragy badalga aldy

6-njy iýunda Türkmenistanda galla oragyna badalga berildi. Mälim bolşy ýaly, Ministrler Kabinetiniň 25-nji maýda geçirilen mejlisiniň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow daýhanlara täze zähmet üstünliklerini arzuw edip, möhüm oba hojalyk çäresine ak pata berdi. Şoňa laýyklykda, Ahal, Lebap we Mary welaýatlarynyň gallaçylary bu möhüm çärä girişdiler, 13-nji iýunda bolsa olara Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň ekerançylary hem goşular.


06.06.2018 | Türkmenistan-ABŞ: durnukly ösüş maksady bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk

Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk 1992-nji ýylyň 19-njy fewralynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlan pursatyndan başlap, uzakmöhletleýin we özara peýdaly esasda alnyp barylýar.


 

 

 

Copyright 2012-2018 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter