Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

06.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti we «ARETI» kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy dürli ulgamlarda taslamalaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” Halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Makarowy kabul etdi


05.02.2018 | Wideoşekilli iş maslahatynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek meselelerine garaldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, sebitleriň oba hojalyk ulgamynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem öňde boljak şanly senelere taýýarlyk bilen baglanyşykly meselelere garaldy.


05.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Pakistanyň ýolbaşçylaryna adam pidalaryna getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mamnun Huseýne we Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Şahid Hakan Abbasa Swat raýonynyň harby bölüminde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk zerarly gynanç hatyny iberdi.


03.02.2018 | Pekinde Türkmen-hytaý syýahatçylyk maslahaty geçirildi

2-nji fewralda Pekinde syýahatçylyk ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça türkmen-hytaý maslahaty geçirildi. Ol ýurdumyzyň HHR-däki ilçihanasy tarapyndan Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti, “Şuangsýun” we “Beýçen” hytaý kompaniýalary bilen bilelikde guraldy.


02.02.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriniň netijeleri, döwletimiziň içeri syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.


02.02.2018 | AHHG-da Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň esasy wezipeleri kesgitlenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hökmetiň meöjlisinde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň müdiriýetiniň maslahaty barada aýdylan habary teswirläp, ekologiki we suw-energetiki meseleler boýunça türkmen tarapynyň başlangyçlarynyň wajypdygyny belledi.


02.02.2018 | Döwlet Baştutanymyz wise-premýer Dädebaý Amengeldiýewe berk käýinç yglan etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugy bilen, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işine gözegçiligi gowşadandygy üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Amangeldiýew Dädebaý Saparowiçe berk käýinç yglan edildi hem-de ýol berlen kemçilikleri gysga wagtyň içinde düzetmek oňa soňky gezek duýduryldy.


01.02.2018 | Hökümetiň iş maslahatynda Balkan welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna garaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny tamamlap, Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Balkan welaýatynyň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


01.02.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Sauli Wýaýnýamo Niýnistýony Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Sauli Wýaýnýamo Niýnistýo onuň Finlýandiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.


31.01.2018 | Türkmenbaşyda geçirilen duşuşykda türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň esasy meseleleri maslahatlaşyldy

Türkmenbaşy şäherinde iki ýurduň wekiliýetleriniň derejesinde geçirilen iş duşuşygynda hem türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň meseleleri öz beýanyny tapdy. Duşuşygyň gün tertibine möhüm pudaklar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň esasy ugurlary girizildi.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter