Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

06.03.2018 | Azat Jepbarow “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, “Nesil” gazetiniň baş redaktorynyň orunbasary bolup işlän Azat Gadamowiç Jepbarow “Bereketli toprak” gazetiniň baş redaktory wezipesine bellenildi.


05.03.2018 | Wideoşekilli iş maslahatynda sebitleri ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de baýramçylyklara taýýarlyk meselelerine seredildi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarynyň, welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Maslahatda döwlet durmuşynyň, sebitleri ösdürmegiň dürli meselelerine, oba hojalyk işleriniň barşyna garaldy.


05.03.2018 | GDA-nyň synçylary saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler

Türkmenistanyň çagyrmagy boýunça Mejlisiň deputatlygyna saýlawlara gelen Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylar topary hem-de onuň edarasy saýlaw möwsümine gözegçilik etmäge girişdiler.


05.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjanly kärdeşine Baku şäherinde bolup geçen ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýewe Baku şäheriniň Hatain etrabyndaky Respublikan narkologik merkezinde bolup geçen, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren ýangyn zerarly gynanç hatyny iberdi.


05.03.2018 | Mejlisiň başlygy Astanada geçiriljek ýokary derejeli duşuşykda türkmen wekilýetine ýolbaşçylyk eder

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi, resminama laýyklykda 15-16-njy mart aralygynda Mejlisiň başlygy A. Nurberdiýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekilýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin Astana şäherine (Gazagystan Respublikasy) gulluk iş saparyny amala aşyrar.


04.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Armen Sarkisýany Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli, oňa tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny ýollady.


03.03.2018 | Daşkentde Türkmen-özbek hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi

2018-nji ýylyň 1-2-nji martynda Daşkentde Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek toparynyň 14-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine gatnaşmak üçin özbek paýtagtyna wise-premýer B. Annameredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň wekilýeti geldi. Duşuşyga iki ýurduň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.


03.03.2018 | Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitine gatnaşar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2-nji martda geçirilen hökümet mejlisinde Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň birinji sammitiniň geçiriljekdigini habar berdi. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ozal gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, öňde boljak foruma Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşar.


03.03.2018 | Ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň Maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýaş hünärmenleri işe ýerleşdirmek ulgamyny kämilleşdirmegiň 2018-2020-nji ýyllar üçin Maksatnamasy hem-de şu Maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.


02.03.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­si­ni ge­çir­di. On­da mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň pu­dak­la­ryn­da ge­çen iki aýyň do­wa­myn­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri ba­ra­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň ha­sa­bat­la­ry diň­le­nil­di, şeý­le hem döw­let dur­mu­şy­nyň bir­nä­çe mö­hüm me­se­le­le­ri­ne ga­ral­dy.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter