Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

15.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 27 ýyllyk baýramy mynasybetli medeniýet, sungat we döredijilik işgärlerine hormatly atlary dakmak hakynda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde taryhy özgerişler amala aşyrylyp, ähli ugurlar boýunça uly üstünlikler gazanylýar. Häzirki döwürde bagtyýar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrmaga gönükdirilen belent maksatnamalar medeniýet we sungat ussatlarymyzy täze, döwrebap eserleri döretmäge ruhlandyrýar.


14.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna ugrady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Balkan welaýatyna ugrady. 15-nji sentýabrda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda “Amul — Hazar 2018” halkara awtoralliniň tamamlanmagy mynasybetli dabaralar geçiriler.


14.09.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda Prezident maksatnamalarynyň hem-de ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň beýleki maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meseleler, şeýle hem halkymyzyň abadançylygyny we Türkmenistanyň rowaçlygyny üpjün etmäge gönükdirilen içeri syýasatyň wajyp wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


14.09.2018 | Resmi habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň raýat awiasiýasyny ösdürmegiň 2012 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda” göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem ýerli ähmiýetli howa menzillerini dikeltmek we bu ugurlarda ulanyljak howa gämilerini saýlap almak, howa gämileriniň düzümlerini yzygiderli döwrebaplaşdyrmak, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hilini we medeniýetini ýokarlandyrmak hem-de uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmenhowaýollary” gullugyna “Boeing 737 MAX 7” kysymly 3 sany uçary, şol sanda wajyp uçuşlar üçin niýetlenen 1 sany uçary satyn almak barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň “Boeing” kompaniýasy bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.


14.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Halkara awtomobil federasiýasynyň wise-prezidentini kabul etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara awtomobil federasiýasynyň wise-prezidenti, BAE-niň awtomobil we tur klubunyň ýolbaşçysy, meşhur awtosürüji türgen Mohammed Bin Sulaýimi kabul etdi.


13.09.2018 | Türk­me­nis­tan­da Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň il­çi­si işe baş­la­dy

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tab­şy­ry­gy bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Mej­li­si­niň Baş­ly­gy G.Mäm­me­do­wa Tai­land Pa­ty­şa­ly­gy­nyň Türk­me­nis­tan­da­ky Adat­dan da­şa­ry we Do­ly yg­ty­ýar­ly il­çi­si ha­nym Pan­ti­pa Iam­sud­ha Ýe­ka­ro­hit­den ynanç ha­ty­ny ka­bul et­di.


12.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň başlygyny kabul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň Di­wa­ny­nyň baş­ly­gy we iş do­lan­dy­ry­jy­sy Mah­mud Wae­zi­ni ka­bul et­di.


12.09.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň professor-mugallymlaryna, işgärlerine hem-de ähli diňleýjilerine

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döredilmeginiň şanly 10 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


10.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry­ny ka­bul et­di

Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Gurbanguly Berdimuhamedow “KA­MAZ” açyk paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti­niň baş di­rek­to­ry Ser­geý Ko­go­gi­ni ka­bul et­di.


10.09.2018 | Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti hal­ka­ra aw­to­ral­li­si­niň ýol­baş­çy­sy­ny we çem­pio­ny­ny ka­bul et­di

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Gurbanguly Berdimuhamedow “Af­rica Eco Race” aw­to­ral­li­si­niň baş di­rek­to­ry, sport aw­to­mo­bil­le­ri ýa­ry­şyn­da dün­ýä­niň iki ge­zek çem­pio­ny, ýol­suz ýer­de ge­çi­ril­ýän aw­to­ral­li bo­ýun­ça dün­ýä ku­bo­gy­nyň en­çe­me ge­zek eýe­si, “Pa­riž — Da­kar” we “Af­rica Eco Race” ral­li-ma­ra­fon­la­ry­nyň ýe­ňi­ji­si Žan-Lui Şles­se­ri ka­bul et­di.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter