Syýasat habarlary

Syýasat habarlary

29.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylary bilen maslahat geçirdi. Onuň dowamynda “2030-njy ýyla çenli döwür üçin Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyna” garaldy, ählumumy ykdysadyýetiň häzirki ýagdaýyny we dünýäniň energetika bazarynyň şertlerini nazara almak bilen, birnäçe möhüm ugurlar boýunça onuň görkezijileri kesgitlendi.


29.05.2018 | Türkmenistanyň içeri işler edaralarynyň işgärlerine

Sizi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň içeri işler edaralarynyň işgärleriniň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


28.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow käbir ministrlikleriň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. Gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipeleri, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy bilen bagly we döwlet durmuşynyň birnäçe beýleki möhüm meseleleri girizildi.


27.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak we hormatly atlary dakmak hakynda


27.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti: dokma senagatyny ösdürmäge, halyçylyk sungatyny saklap galmaga we wagyz etmäge uly üns berler

Sizi Türkmen halysynyň we dokma senagatynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Dünýä nusgalykdyr türkmen dokmasy» atly dokma we haly önümleriniň halkara sergisiniň hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XVIII mejlisiniň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Siziň ähliňize berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we haly hem-de dokma pudaklaryny ösdürmek ugrunda alyp barýan asylly işleriňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


25.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine Prezident maksatnamasyny, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny ýerine ýetirmegiň barşy, halkymyzyň bagtyýarlygynyň, abadan durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri syýasatyň möhüm wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


25.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Ç.T.Rustemowa hakynda


25.05.2018 | Resmi habarlar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Berdimyrat Öwlýägulyýewiç Jumaýew “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Garabogazkarbamid” zawodynyň direktory wezipesine bellenildi.


25.05.2018 | Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine

Hormatly mugallymlar we bilim işgärleri! Mähriban uçurymlar! Sizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet derejesinde giňden bellenilýän «Soňky jaň» dabarasy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


24.05.2018 | «Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara

Sizi «Ak şäherim Aşgabat» atly XVII köpugurly halkara serginiň öz işine başlamagy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.


 

 

 

Copyright 2012-2019 Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi - Türkmenistan bu gün


Flag Counter